Müňden gowrak işgär super EA-ny döretmegi bes etmek çagyryşy bilen çykyş etdi

  • 27.10.2025 00:10
  • 5.6k+

1000-den gowrak jemgyýetçilik işgäri, şol sanda oýlap tapyjy, Apple-iň egindeş esaslandyryjysy Stiw Woznýak, “EA-nyň atalary” Jeffri Hinton we Ýoşua Benjio super EA-ny döretmäge garşy çykyş etdi. Olar şeýle tehnologiýanyň howpsuzdygyna göz ýetirilýänçä, şeýle ulgamlary döretmegi bes etmäge çagyryş bilen açyk hata gol çekdi.

Gol çekenleriň arasynda Virgin Group-yň esaslandyryjysy Riçard Brenson, syýasatçylar we harby hünärmenler, meşhur aktýorlar, sazandalar, şeýle-de Sasseks gersogy we gersog aýaly şazada Garri we Megan bar. Hat EA howpsuzlygy boýunça topar Future of Life Institute (FLI) tarapyndan taýýarlandy. Onda EA-nyň saglygy we durmuşyň hilini gowulandyrmaga ukyplydygy, ýöne kompaniýalaryň ýakyn ýyllarda döretmegi meýilleşdirýän super aňynyň ähli kognitiw meseleler boýunça adamlardan öňe geçip, çynlakaý töwekgelçilikleri döredip biljekdigi bellenilýär.
Aktiwistler bolup biljek howplar barada duýdurýar: iş orunlarynyň ýitmegi, hukuk we azatlyk çäklendirmesi, milli howpsuzlyk üçin zyýan we hatda adamzady doly ýok etmek howpy.
Geçen hepde FLI emeli aňy gözegçilik astyna almak çagyryşlaryndan soň OpenAI-iň kazyýete çagyryş hatyny iberendigini habar berdi. OpenAI-iň ýolbaşçysy Sem Altman super EA-nyň 2030-njy ýyla çenli peýda bolup biljekdigini we häzirki ykdysady wezipeleriň 40%-iniň EA-a geçiriljekdigini çaklaýar. Meta hem ýokary aňy ösdürýär: onuň baş direktory Mark Sukerberg taslamanyň durmuşa geçirilmäge taýýardygyny aýtdy.
Şuňa meňzeş öňki hatlar, mysal üçin, Ilon Mask tarapyndan 2023-nji ýylda gol çekilen hat hiç hili netije bermändi. 


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......