Innowasiýa maglumat merkeziniň dil okuwlarynyň diňleýjileri haýwanat bagyna gezelenç etdiler

  • 27.10.2025 16:28
  • 6.1k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi gysga möhletleýin dil okuwlarynyň diňleýjileri üçin Janly tebigatyň milli muzeýine gezelenç gurady. Dynç alyş möwsüminde geçirilen bu çäre dil öwrenýän ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge gönükdirildi.

Gezelenje Innowasiýa maglumat merkeziniň koreý, iňlis, rus we arap dili okuwlarynda bilim alýan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Okuwçylar haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini öwrenip, muzeýiň eksponatlary bilen tanyşdylar.
Guramaçylaryň bellemgine görä, şeýle çäreler okuwda alnan nazary bilimleri amaly taýdan utgaşdyryp berkitmäge mümkinçilik berýär. Çünki okuwçylar haýwanat dünýäsine degişli okuwda öwrenen bilimlerini janly tebigy şertlerde tejribe üsti bilen berkitmäge mümkinçilik aldylar.
Janly tebigatyň muzeýine gezelenç mekdep okuwçylary üçin diňe bir bilim beriji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dynç alyş döwründe gyzykly wagt geçirme hem boldy.


02.06.2026 20:35
3.5k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......