11k+

Täze zelandiýaly gyz 24 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden 100 m ylgap, rekord goýdy

Täze Zelandiýadan Gabriel Uoll 24,75 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden aýakýalaň 100 metr aralygy ylgap geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. “Bu tejribe ýatdan çykmajak boldy we men öz mümkinçiliklerimiň çäginden çykyp bilendigime buýsanýaryn” – diýip, Gabriel paýlaşdy...

3.8k+

Toyota Ýewropada täze elektromobil çykaryp başlar

Toyota Motor Europe Çehiýanyň Kolin şäherindäki Toyota Motor Manufacturing Czech Republic (TMMCZ) zawodynda täze elektromobiliň yzygiderli önümçiligine başlanjakdygyny habar berdi. Bu markanyň Ýewropada çykarylýan ilkinji doly elektrik awtomobili bolar...

1.9k+

Sinner we Alkaras US Open-iň tituly we dünýäniň birinji raketkasy ady ugrunda göreşer

US Open-iň final oýnunda dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner bilen ATP reýtinginde ikinji orny eýeleýän ispaniýaly Karlos Alkaras duşuşar. Bu olaryň şu möwsümde “Uly tuwulga” ýaryşlarynda yzygider üçünji finaly bolar we onda diňe ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň çempiony däl, eýsem dünýäniň birinji raketkasy-da kesgitlener...

3.6k+

BMW täze iX3 krossowerini  - Neue Klasse maşgalasyndaky ilkinji modeli görkezdi

Mýunhen awtoulag sergisiniň öňüsyrasynda BMW Neue Klasse hataryndaky ilkinji model bolan iX3 elektrik krossoweriniň täze neslini görkezdi. Satuwlar 2026-njy ýylyň ýazynda başlar. Model täzelenen dizaýn, täze multimediýa mümkinçilikleri bolan salon gurluşyny we 805 km aralyga çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýän batareýany aldy...

12k+

Türkmenistanyň ugradan ynsanperwerlik kömegi Kabula bardy

5-nji sentýabrda Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.  “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň ýük uçary Aşgabat — Kabul ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyryp, goňşy ýurtda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere niýetlenen dürli önümleri we harytlary owgan halkyna ýetirdi...

9.5k+

Türkmenistan CAFA Milletler Kubogynda Omandan utuldy

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler kubogynyň (CAFA Nations Cup) toparlaýyn tapgyrynyň üçünji oýnunda Omandan utuldy. Daşkentdäki “Jar” stadionynda geçirilen oýun Omanyň futbolçylarynyň peýdasyna 1:2 hasabynda tamamlandy...

3.5k+

Türkmenistan Stambuldaky «Halal Expo 2025» halkara sergisine milli pawilýony bilen gatnaşar

Türkmenistan şu ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» atly halkara sergä gatnaşar. 5-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew bu halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi...

5.2k+

10-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna başlanar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi...

14k+

Günorta Amerikadan DÇ-2026 üçin göni ýollama alan toparlaryň ählisi belli boldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Günorta Amerikanyň saýlama ýaryşynyň gutarmagyna bir tapgyr galanda gönüden-göni dünýä çempionatyna gatnaşjak alty toparyň ählisi belli boldy. Göni ýollamany Argentinanyň (38 utuk), Braziliýanyň (28), Urugwaýyň (27), Ekwadoryň (26), Kolumbiýanyň (25) we Paragwaýyň (25) milli ýygyndylary aldy...

3.3k+

Prada täze Couleur Vivante şaý-sepler toplumyny satuwa çykarar

Prada brendi täze Couleur Vivante şaý-sepler toplumynyň satuwa çykarylýandygyny habar berdi. Ol oktýabr aýynda satuwa çykar. Ýygyndyda ametistlerden, akwamarinlerden, hrizolitlerden, gülgüne morganitlerden we madeýra sitrininden ýasalan gulakhalkalar, ýüzükler, bilezikler we monjuklar bar...

5.5k+

Hytaýda bedeniň ýylylygyndan elektrik energiýasyny öndürýän rezin döredildi

Pekin uniwersitetiniň barlagçylary adam bedeniniň ýylylygyny elektrik energiýasyna öwürýän rezin materialy işläp taýýarladylar diýip, South China Morning Post habar berýär. Täze tehnologiýa termoelektrik ýörelgelerine esaslanýar: bedeniň (37° C töweregi) we daşky gurşawyň (20–30 ° C) arasyndaky temperatura tapawudy elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär...

3.2k+

US Open – 2025-iň finalynda Arina Sobolenko we Amanda Anisimowa oýnar

Nýu-Ýorkuň hard kortunda US Open-2025 “Uly tuwulga” ýaryşynyň finalçylary kesgitlendi. Aýgytly oýunda titul üçin Belarusdan dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko we WTA reýtinginde dokuzynjy orny eýeleýän amerikaly Amanda Anisimowa göreşer...

4.1k+

Huawei stilusly üç eplenýän Mate XTs smartfonyny hödürledi

Huawei stilus goldawyna eýe bolan dünýäde ilkinji üç eplenýän smartfony – täze Mate XTs-i hödürledi. Kompaniýa häzirlikçe şeýle görnüşi hödürleýän ýeke-täk öndüriji bolup galýar. Mate XTs üç epleme mehanizmi bilen üpjün edildi: ýygnalan görnüşde ekranyň diagonaly 6,4 dýuýma, açyk görnüşde 10,2 dýuýma barabar...

5.1k+

Samsung kompaniýasy Galaxy S25 FE subflagman smartfonyny hödürledi

Samsung Electronics kompaniýasy subflagmanlar kategoriýasyna degişli bolan Galaxy S25 FE smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, täze smartfon emeli aň tehnologiýalaryny giň köpçülik üçin has elýeterli eder...