“Keý-pop melgun awçylaryny” döredijiler Labubu barada film düşürerler

  • 20.11.2025 10:37
  • 2.6k+

 

Sony Pictures studiýasy Labubu atly meşhur oýunjak barada film düşürer.

The Hollywood Reporter neşiriniň maglumatlaryna görä, taslamany ozal Netflix üçin üstünlikli "Keý-pop melgun awçylary" multfilmini döreden kompaniýanyň animasion bölümi ýerine ýetirer.
Labubu hakyndaky filmiň heniz ne prodýuseri, ne-de režissýory tassyklandy. Şeýle hem, geljekki filmiň animasion ýa-da oýun filmi boljakdygy aýdyňlaşdyrylmandyr. Sony studiýasy häzirlikçe bu taslama barada hiç hili teswir bermedi.
Labubu şekiljigini Gonkongda doglan we Ýewropada ýaşaýan suratkeş Kasing Lung döretdi. Ilkibaşda dişli haýwanlar görnüşindäki oýunjaklary How2 Work kompaniýasy öndürýärdi. Olar 2019-njy ýylda Hytaýyň lomaý satyjysy Pop Mart Labubu liniýasyny çykaran soň dünýäde meşhur boldular.
Oýunjaklar ilki Günorta-Gündogar Aziýa bazarlarynda sensasiýa döretdi, soňra bolsa ähli dünýäni özüne çekdi. Diňe şu ýylyň başynda Pop Martyň girdejisi 350 göterim artdy.


şu gün 10:41
537

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
3.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.7k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....