Iň uzyn suwasty internet kabeli 2Africa dünýä ilatynyň üçden birini gurşap aldy

  • 21.11.2025 11:53
  • 7k+

Meta dünýäde açyk elýeterlilikdäki iň uzyn suwasty kabel ulgamy bolan 2Africa-nyň esasy infrastrukturasynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi. Taslama Gündogar we Günbatar Afrikany birleşdirip, yklymyň Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Ýewropa bilen arabaglanyşygyny üpjün edýär.

Häzir ulgam 33 ýurdy gurşap alýar we 3 mlrd adamy – Ýeriň ilatynyň üçden birinden gowragyny aragatnaşyk bilen üpjün etdi.
Iş Meta-nyň başda durmagynda Bayobab (MTN Group), center3 (stc), CMI, Orange, Telecom Egypt, Vodafone Group we WIOCC kompaniýalaryny öz içine alýan konsersium tarapyndan alnyp barylýar. 2026-njy ýylda Pearls taslamasynyň giňeldilmegi bilen ulgamyň umumy uzynlygy 45 müň kilometrden geçer.
Ulgamy geçirmek işi döwlet we hususy kärhanalaryň gatnaşmagyny, 50 sany dürli ýurtda we sebitde rugsat almagy talap etdi we alty ýyl töweregi wagt aldy. Açyk elýeterlilikdäki model infrastrukturany birnäçe operatoryň ulanmagyna mümkinçilik berýär, bu hem sebitde internet ösüşini tizleşdirýär.
Kabel suwasty turbalar we tebigy töwekgelçilikler bilen 60-dan gowrak kesişmeleri göz öňünde tutup, öňki ulgamlar bilen deňeşdirilende 50% artdyrylan çuňlukda geçirildi. Taslama 35 deňiz gämisi we kenarýaka toparlary gatnaşdy.
2Africa 16 jübüt süýümi we SDM tehnologiýasyny ulanýar, bu bolsa geçirijilik ukybyny ep-esli artdyrýar. Mysal üçin, günbatar bölekde ol bir jübüt süýüm üçin 21 Tbit/sek ýetýär.
Ýakyn ýyllarda internete elýeterliligiň giňeldilmeginiň, telekeçiligiň we sanly hyzmatlaryň ösdürilmeginiň hasabyna ulgamyň  Afrikanyň JIÖ-sine, takmynan, 36 mlrd dollara çenli goşant goşmagyna garaşylýar. 

düýn 19:32
1.8k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

18.06.2026 11:16
2.6k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......

17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

17.06.2026 10:34
2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....