Azerbaýjan Baku şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny gurnamaga taýýarlygyny habar berdi

  • 20.11.2025 14:15
  • 5.1k+

14-18-nji noýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýewyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Azerbaýjanda iş saparynda boldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti, Döwlet serhet gullugynyň başlygy general-polkownik Elçin Guliýew, şeýle-de «Sea Breeze» dynç alyş zolagyndaky sirkiniň ýolbaşçysy Allahwerdi Israfilow bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklaryň dowamynda atçylyk sporty we milli atçylyk oýunlary babatynda ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary berkitmek, özara tejribe alyşmak, bar bolan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we Azerbaýjanda bu ugurda döredilen infrastruktura bilen tanyşmak ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Azerbaýjanda atçylyk we at üstündäki oýunlaryň milli däplerini ösdürmek boýunça döredilen şertler we alnyp barylýan işler hem-de ol ýerde saklanýan atlar, aýratyn hem Garabag atlary bilen tanyşmak maksady bilen, Azerbaýjanyň «Bina» we «Serhetçi» atçylyk merkezlerine barlyp görüldi.
Saparyň dowamynda azerbaýjan tarapy 2026-njy ýylyň mart aýynyň dowamynda Baku şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny gurnamaga taýýarlygy barada deslapdan habar berdi.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......