Adobe marketing üçin Semrush programma üpjünçiligini işläp düzüjisini 1,9 mlrd dollara satyn alýar

  • 21.11.2025 11:50
  • 1k+

Adobe amerikan kompaniýasy marketing üçin programma üpjünçiligini işläp düzýän Semrush kompaniýasyny satyn alýandygyny habar berdi. Şertnamanyň şertlerine görä, Adobe kompaniýanyň paýdarlaryna her paý üçin 12 dollar tölär, bu bolsa jemi 1,9 mlrd dollara barabardyr.

Bu habardan soň Semrush-yň paýnamalary tas 75% ýokarlandy.
Şertnamanyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda tamamlanmagyna garaşylýar.
Semrush 2008-nji ýylda Sankt-Peterburgda Oleg Şegolew we Dmitriý Melnikow tarapyndan esaslandyryldy. 2017-nji ýylda kompaniýanyň ştab-kwartirasy ABŞ-a geçirildi. 2021-nji ýylda Semrush Nýu-Ýorkuň gazna biržasynda IPO geçirdi. Kompaniýa marketing we gözleg işleri üçin programma üpjünçiligini döretmek bilen, “programma üpjünçiligi hyzmat hökmünde” (Saas) modeli boýunça işleýär. Onuň müşderileriniň arasynda Amazon we TikTok hem bar.

şu gün 12:35
2.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.1k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......