ABŞ-da Toyota Tacoma-nyň satuwy 61% ýokarlanyp, onýyllygyň rekordyny goýmaga golaýlaýar

  • 20.11.2025 11:00
  • 4.3k+

Toyota Tacoma, bäsdeşlerinden ep-esli arany açmak bilen, ABŞ-da iň geçginli orta göwrümli awtoulag boldy. 2025-nji ýylyň birinji üç çärýeginde 204 464 sany ulag satyldy, bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 61,2 % köp diýmekdir diýip, Motor1 ýazýar.

Ösüş belli bir derejede modeliň täze, dördünji nesliniň çykmagy bilen düşündirilýär. Bu tendensiýa dowam etse, ýylyň ahyryna çenli satuwlar soňky on ýylda iň gowy netijäni görkezip, 2021-nji ýyldaky görkezijiden, ýagny 257 000 ulagdan hem köp bolup biler.
Beýleki Modelleriň satuwy:

  • Ikinji ýerde 77 390 satylan ulagy bilen Chevrolet Colorado durýar.
  • Üçünji ýeri Ford Ranger eýeleýär, onuň 48 278 sanysy satylyp, satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 57,4% köpeldi.
  • Nissan Frontier hem onuň yzyndan ýetip gelýär, onuň 47 630 sanysy satyldy, ýöne geçen ýylky sany bilen deňeşdirilende 12,2 göterim azaldy.
  • Jeep Gladiator hem şu ýyl satylan 38 513 sanysy bilen birinji bäşlige girýär.

16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....