Raşid Meredow ÝHHG-niň Baş sekretary hem-de Sloweniýanyň daşary işler ministri bilen telefon söhbetdeşliklerini geçirdi

  • 20.11.2025 15:00
  • 2.5k+

19-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirliogly hem-de Sloweniýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary we Ýewropa işleri ministri Tanýa Faýo bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, özara gatnaşyklaryň durnukly depginini we netijeli häsiýetini bellediler. 
Söhbetdeşler halkara giňişliginde tagallalary utgaşdyrmagyň ähmiýetine aýratyn üns berip, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Sloweniýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary we Ýewropa işleri ministri bilen söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.2k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
753

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......