TikTok programmada wagtyny az geçirýän ulanyjylary nyşanjyklar bilen sylaglar

  • 20.11.2025 14:17
  • 10k+

TikTok sosial ulgamy ulanyjylara öz ruhy saglygy barada alada etmäge kömek etjek täze gurallary işe girizýär. Şeýle aýratynlyklaryň biri programmadaky wagtyny bilgeşleýin çäklendirýän ulanyjylara beriljek nyşanjyklar boldy diýip, TechCrunch habar berýär.

Bu nyşanlary almak üçin, ulanyjy birnäçe ýönekeý şertleri ýerine ýetirmeli: gije programma girmezlik, gündelik çägi goýmak we ony berjaý etmek.
Şeýle-de, programmada beýleki peýdaly hyzmatlar bolar. Ýagny, 120-den gowrak pozitiw jümleleri hödürleýän gündelik, rahatlandyryjy ses generatory, mysal üçin, ýagşyň ýa-da ummanyň sesini – şeýle-de, dem alyş maşklary. Mundan başga-da, kompaniýa ekranyň başyndaky wagty nädip dogry sazlamalydygy barada öwrediji wideolary goşar.
TikTok-yň maglumatlaryna görä, täzelenmeleriň ählisi, ilkinji nobatda, ýetginjeklere gönükdirilýär. Kompaniýa bu çözgüdi has berk çäklendirmeleriň ters netije berip biljekdigini görkezen ylmy barlaglary öwrenenden soň kabul edendigini belleýär. 


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......