Mercedes ÝB-niň täze ses talaplary sebäpli käbir AMG modelleriniň önümçiligini bes edýär

  • 20.11.2025 11:43
  • 2.9k+

Mercedes-AMG täze Ýewropa talaplary sebäpli uly üýtgeşmelere taýýarlanýar. 2026-njy ýylyň iýul aýyndan başlap, daşky sesiň rugsat berlen derejesini berkidýän UN-R51.03 "Phase 3" kadalary güýje girýär. Kompaniýanyň içki resminamasynyň syzdyrylmagyna görä, AMG modelleriniň käbiri bu parametrlere laýyk gelmeýär.

Dört silindrli C43 4Matic, GLC43 4Matic we GLA35 AMG modelleriniň önümçiligi 2026-njy ýylyň fewral aýynda öndürilişini tamamlar.
C63 SE Performance we GLC63 SE Performance modelleri birneme uzagrak – maý aýyna çenli öndüriler.
Ýeke-täk galýan kompakt görnüşi GLA45 S bolar.

Geljekki Meýilnamalar:
V8 görnüşli modeller bu syzdyrylan maglumatda agzalmaýar, bu bolsa olaryň saklanyp galjak bolmagy mümkin diýmekdir. Şonuň bilen birlikde, marka model hataryny giň gerimli täzelemäge taýýarlanýar. Ýakyn ýyllarda AMG.EA platformasynda gibridler we elektrik ulaglary peýda bolar. Olar V8 stiline meňzeş aýratyn sintetiki ses bilen üpjün ediler.
Täzelenen SL63 synag edilýär, bu bolsa klassiki AMG-leriň henizem strategiýanyň bir bölegi bolup galýandygyny görkezýär.
Emma "sesli" dört silindrli görnüşleriň eýýamy tamamlanýar – bu ÝB-de ses derejesi boýunça täze talaplarynyň iň görnükli täsirlerinden biridir.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

20.06.2026 12:20
4.3k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......