Mahaçew agram derejesine garamazdan UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde öňe geçdi

  • 20.11.2025 13:08
  • 10k+

UFC promouşeniň agram derejesine garamazdan iň gowy söweşijileriniň (P4P) täzelenen reýtingini neşir etdi. Bu sanawyň birinji ornuna Islam Mahaçew çykdy.

16-njy noýabrda Mahaçew Nýu-Ýorkda geçirilen UFC 322 ýaryşynda ýarym-orta agramdaky (77 kg çenli) titul ugrundaky söweşde awstraliýaly Jek Della Maddalenany eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňdi. Bu ýeňişden soň Mahaçew ispan-gruziýaly söweşiji Iliýa Topuriýany ikinji orna süýşürdi. Üçünji orny gruziýaly Merab Dwalişwili eýeledi.
Islam Mahaçew iki sany agram kategoriýasynda UFC titulyny gazanan ilkinji russiýaly söweşiji boldy.
Ol 2022-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2025-nji ýylyň maý aýyna çenli ýeňil agramda çempionlyk guşagyna eýe bolup, soňra agyr diwiziona geçmek üçin ondan ýüz öwürdi.


düýn 23:43
4.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......