Lebron Jeýms möwsümleriň sany boýunça NBA-nyň rekordyny goýdy

  • 20.11.2025 10:12
  • 1.7k+

“Los-Anjeles Leýkersiň” oýunçysy Lebron Jeýms NBA-nyň (National Basketball Association) häzirki yzygiderli çempionatynda ilkinji oýnuny geçirdi. Ol “Ýuta Jaza” garşy öý oýnunda meýdança çykdy. Şeýlelik bilen, basketbolçy ligadaky möwsümleriň sany boýunça rekord goýdy – 23.

Lebron 2020-nji ýylda 22 möwsümden soň karýerasyny tamamlan Wins Karteriň görkezijisinden geçdi.
“Leýkers” oýunda 140:126 hasabynda utdy. Duşuşygyň iň netijeli oýunçysy “Los-Anjelesiň” basketbolçysy Luka Donçiç boldy, ol 37 utuk gazandy.
Lebron Jeýms 40 ýaşynda. Öň ol “Kliwlend Kawalers” we “Maýami Hit” toparlarynda oýnady. Ol NBA-nyň dört gezek çempiony (2012, 2013, 2016, 2020), yzygiderli möwsümiň dört gezek iň gymmatly oýunçysy (MVP) we play-off finalynyň dört gezek iň gymmatly oýunçysy boldy. ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň düzüminde Lebron üç gezek Olimpiýa çempiony (2008, 2012, 2024) we 2004-nji ýyldaky Oýunlaryň bürünç medalynyň eýesi boldy.
Oýunçy sag tarapdan otyrýer nogsanlygy sebäpli häzirki möwsümiň başyny sypdyrdy.
Geçen möwsümde Lebron “Leýkersiň” oýunlaryna öz 20 ýaşly ogly Bronni bilen bilelikde gatnaşdy. Olar NBA-nyň taryhynda bir meýdançada ilkinji kaka-ogul dueti boldy. 


15.06.2026 14:15
7.8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.8k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....