Türkmenistan we Özbegistan ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

  • 20.11.2025 14:10
  • 3.5k+

Daşkentde Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparowyň hem-de "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň Özbegistanyň energetika ministri Jurabek Mirzaahmedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýangyç-energetika pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi ara alyp maslahatlaşdylar diýip, UzDaily habar berýär.

Gepleşiklere iki ýurduň energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdy. Esasy üns Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda we Daşkentde geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň turbageçiriji taslamalar bilen birlikde, has giň ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlygy mazmunly ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy baradaky beýanatyna gönükdirildi.
Iki goňşy ýurduň wekilleri türkmen elektrik energiýasyny Özbegistana ibermek we üstaşyr geçirmek, ýangyç-energetika toplumynda bilelikdäki taslamalaryň geljegi we sebitde elektrik energiýasyny öndürmek we ibermek boýunça umumy ulgamy döretmek üçin ädimleri ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmegi maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň netijesinde, gatnaşyjylar iki döwletiň ýolbaşçylary tarapyndan ylalaşylan başlangyçlary netijeli durmuşa geçirmäge üns berip, toplumda özara bähbitli we konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.2k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
753

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......