Britanýada turbo güýçlendirijisiz 324 at güýçli, 2,1 litrlik hereketlendiriji döredildi

  • 20.11.2025 12:15
  • 4k+

Elektromobiller käbir awtoulagsöýüjileri lapykeç edensoň, içinden ýandyrylýan hereketlendirijilere gyzyklanma täzeden güýçlendi. Köp awtoulag öndürijiler we hususy ussahanalar şeýle hereketlendirijileriň täze modellerini işläp taýýarlamaga başladylar. Muňa mysal hökmünde Boreham Motorworks britan kompaniýasynyň Boreham Ten-K hereketlendirijisini görkezmek bolar.

Bu hereketlendiriji öz ideýalaryny köne Formula 1 tehnologiýalaryndan alýar, ýöne onda häzirki zaman gymmat MGU-K we MGU-H ulgamlary ýok – bu arassa atmosferaly (turbo güýçlendirijisiz) hereketlendirijidir.
Onup görnüşi 2,1 litrlik, dört silindrli. Kuwwaty: 10 000 aýlawda 324 at güýjüni öndürýär. Agramy bolsa bary-ýogy 85 kg, bu ýol awtoulaglarynyň analoglaryndan ep-esli ýeňil diýmekdir.
Hereketlendirijini täzeden dikeldilen Ford Escort Mk1 RS modeline gurnamak meýilleşdirilýär.
Hereketlendirijide indiwidual drossel gapaklar, kemer bilen dolandyrylýan goşa kamera ulgamy we aşa ýeňil içki komponentler bar.
Hereketlendiriji blogy ýuka diwarly 3D çapdan peýdalanýar, bu bolsa "içki bölekleri jebis ýapmaga" mümkinçilik berýär.
Ten-K häzirki wagtda stend we kalibrleme synagyndan geçýär. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, hereketlendiriji eýýäm "öndürijilik maksatlaryndan ýokarydyr".

düýn 19:45
1k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

düýn 09:17
1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....