16k+

Aşgabadyň käbir köçelerinde ulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendiriler

Aşgabatda käbir köçelerde we şaýollarda ulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendiriler. Bu çäreler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny baýram etmek boýunça taýýarlyklaryň çäginde paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak maksady bilen geçirilýär diýip, şäher häkimligi habar berýär...

3k+

Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy halkara derejeli bilermenleri jemledi

18-nji sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň birinji güni geçirildi. Forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy korporasiýalaryň ýokary wezipeli wekillerini, bilermenleri hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi...

2.7k+

Türkmenistanyň DIM-nde Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar...

4.3k+

Türkmenistan sebitleýin taslamanyň çäginde weterinariýa gullugynyň mümkinçiliklerini berkidýär

16-njy sentýabrda Aşgabatda “Merkezi Aziýada Bitewi Saglyk" - azyk ulgamyny goramak, geljekde pandemiýanyñ öňüni almak” atly sebitleýin taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Bütindünýä bankynyň Oba hojalygy boýunça baş ykdysatçysy Pýer Gerber bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi...

2.3k+

Finger Maus – täze barmak syçanjygy hödürlendi

Tehnologiýa bazarynda täze enjam – Finger Maus gajeti peýda boldy. Ol kursory stol we halyça bolmazdan gönüden-göni howada dolandyrmaga mümkinçilik berýär diýip, TechSpot habar berýär. Enjam süýem, orta ýa-da ogulhajat barmaga dakylýar we simsiz syçanjyk ýaly işleýär...

6.2k+

“Benfikadan” utulandan soň boşadylan Mourinýu “Benfika” tälimçi bellendi

Žoze Mourinýu tälimçi karýerasynyň başlan ýerine gaýdyp geldi. 18-nji sentýabrda Lissabonyň “Benfikasy” 62 ýaşly portugaliýaly hünärmeniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. Şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär, ýöne indiki tomus taraplar hyzmatdaşlygy möhletinden ir bes edip biler...

6.2k+

Škoda täze ýylpyldysyz kuzowly Elroq RS ulagyny hödürledi

Škoda Auto kompaniýasy kuzowyň täze boýagy – “Matte Grey” ýylpyldysyz reňki bilen Elroq RS elektrik krossoweriniň hataryny giňeltdi. Bu ýylpyldamaýan boýag tehnologiýasynyň häzirki modelde ilkinji gezek ulanylmagy boldy...

5.5k+

Şalame Golliwudda iň köp hak alan ýaş aktýor boldy

Aktýor Timoti Şalame High Side (“Beýik tarap”) jenaýat trillerine gatnaşandygy üçin hak ujy hökmünde 25 mln dollar alar. Bu barada The New York Times gazeti ýazýar. Şeýle mukdar 29 ýaşly Şalameni Golliwudda iň köp hak alan ýaş aktýora öwürýär...

11k+

Elektrik energiýasynyň jan başyna sarp edilişi boýunça ýurtlaryň reýtingi düzüldi

ýurtlaryň ösmegi bilen ilatyň jan başyna elektrik energiýasyny sarp edişi ýokarlanýar, bu görkeziji esasanam, senagat we şäher ýerlerinde artýar. Ember’s Electricity Data Explorer-e esaslanan bu görnüş dünýäniň iň uly ykdysadyýetlerinde energiýa sarp edilişiniň nähili paýlanýandygyny we soňky onýyllykda nähili üýtgändigini görkezýär...

5.7k+

FIFA dünýä çempionatyna gatnaşandygy üçin klublara $355 mln tölär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) oýunçylary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama we ahyrky tapgyr oýunlaryna gatnaşýan klublara 355 mln dollar tölär. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi. Ilkinji gezek töleg oýunçylaryny diňe bir ýaryşyň özüne däl, eýsem saýlama oýunlaryna gatnaşdyrýan klublara hem berler...

8.7k+

Hytaýda 2200 ýyldan gowrak ozal gaýada oýulyp ýazylan ýazgy tapyldy

Hytaýda arheologlar ilkinji merkezleşdirilen imperiýanyň döreýiş eýýamy barada täze maglumatlary berýän özboluşly tapyndy barada habar berildi. Sinhua agentliginiň maglumatlaryna görä, Sinhaý welaýatynyň demirgazygynda, Golog-Tibet awtonom okrugynda, Gýaring-So kölüniň golaýyndaky gaýada gadymy ýazgy tapyldy...

1.1k+

Windows 11-de internet tizligini barlamak mümkinçiligi peýda bolar

Microsoft korporasiýasy Windows 11-e internet tizligini barlamak funksiýasyny goşmaga taýýarlanýar. Tom's Hardware çeşmesiniň maglumatlaryna görä, bu mümkinçilik eýýäm Canary, Dev we Beta kanallarynda operasion ulgamyň deslapky wersiýalarynda elýeterli...

1.3k+

Ýazyjy-ertekiçi Hans Kristian Andersen barada detektiw serial düşüriler

Tanymal daniýaly ýazyjy-ertekiçi Hans Kristian Andersen “Ertekiçi detektiw” serialynyň baş gahrymany bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär. “Betnyşan ördejik” we “Külbikejik” ertekileriniň awtorynyň keşbini aktýor Dugreý Skott ýerine ýetirer...

5.1k+

Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Iki günläp dowam etjek forumyň guramaçylary bolup, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi «Turkmen Congress» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär...

6.5k+

Kaka etrabynyň täze obasynda ýaşaýyş we durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berildi

17-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obanyň açylyş dabarasy boldy. Täze ilatly ýer “Bagtly zamana” diýlip atlandyryldy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar...

12k+

ABŞ Green Card lotereýasyna tabşyrýanlaryň her birinden 1 dollardan alyp başlar

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ABŞ-da ýaşamak üçin ýaşaýyş ýeriniň görnüşine (Green Card / Diversity Immigrant Visa) eýe bolmak boýunça lotereýa gatnaşmak üçin $1 möçberinde hasaba alyş tölegini girizdi. Töleg arza tabşyrylanda hökümetiň ygtyýarly töleg portaly arkaly onlaýn görnüşde alynýar...

2k+

NASA “çipdäki beden agzalarynyň” Aýa uçuşa nähili çydajagyny barlar

NASA 10 gün dowam etjek we Aýa uçuşyň dowamynda geçjek Artemis II missiýasynyň çäklerinde AVATAR (A Virtual Astronaut Tissue Analog Response) synagyny geçirer. Synaglaryň dowamynda “çipdäki beden agzalary” - Artemis II-niň astronawtlarynyň süňk ýiliginiň öýjüklerini öz içine alýan fleşkanyň ölçegindäki enjamlar ulanylar...