IMAX kinoteatrlarynda Kristofer Nolanyň "Odisseýa" filminden giriş görkeziler

  • 02.12.2025 17:15
  • 4.2k+

IMAX kinoteatrlarynda Kristofer Nolanyň geljekki "Odisseýa" atly epik filminden alty minutlyk giriş görkezilip başlanar diýip, "World of Reel" portaly habar berýär.

Çeşmäniň maglumatyna görä, bu giriş 12-nji dekabrdan başlap "Günäliler" ("Грешники") we "Söweş yzyna söweş" ("Битвы за битвой") filmleriniň gaýtadan görkezilişlerinden öň görkeziler. Girişiň takyk uzynlygy 5 minut 47 sekunt tutýar. Filmiň doly treýleriniň "Awatar 3-den" öň görkeziljekdigi wada berilýär.
"Empire" neşiriniň habaryna görä, bölek Troýa urşunyň başlanşy we Siklopyň peýda bolmagyna degişli kadrlar bolar.
"Odisseýa" Gomeriň adybir epik poemasynyň ekranlaşdyrylan görnüşidir. Filmde baş keşpleri Mett Deýmon, Tom Holland, Enn Heteueý, Şarliz Teron, Robert Pattinson, Zendaýa we beýlekiler janlandyrdylar.
"Odisseýanyň" daşary ýurt kinoteatrlarynda ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň 17-nji iýulyna meýilleşdirildi.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....