Gurtly-Büzmeýin ugry boýunça Toyota Hiace kysymly kiçi awtobusyň gatnawy ýola goýuldy

  • 04.12.2025 13:46
  • 12k+

"Awtomobil Ulag Hyzmaty” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat şäheriniň içindäki “Gurtly – Büzmeýin” ugry boýunça “Toyota Hiace” kysymly kiçi göwrümli awtobuslaryň hereketini ýola goýdy.

Bu gatnaw ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga, paýtagtymyzyň degişli ýaşaýyş toplumlarynyň arasynda has amatly we yzygiderli ulag gatnawyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Täze ugur boýunça mikroawtobuslaryň gatnawlary her gün ýerine ýetirilýär.
Büzmeýin belleniş nokadyndan birinji gatnaw ir sagat 05:40-da, Gurtly belleniş nokadyndan bolsa 06:20-de ugraýar. Awtobuslar agşam sagat 22:00-a çenli gatnaýar.

Goşmaça maglumat almak üçin +99361-49-34-95 we 44-35-20 telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 20:02
7.4k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......