Rolling Stone ýylyň iň gowy 20 filmini aýtdy: birinji orunda – «Bir söweşden soň beýleki»

  • 04.12.2025 15:43
  • 2.8k+

Abraýly Rolling Stone neşiri 2025-nji ýylda prokata çykan iň gowy 20 filmiň sanawyny hödürledi. Sanawda birinji orny režissýor Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) dramasy eýeledi.

Filmde baş keşpleri Leonardo Di Kaprio, Şon Penn, Çeýz Infiniti, Benisio del Toro we Teýýana Teýlor ýerine ýetirdi. Sentýabrda çykan film prokatda 200 mln dollardan gowrak gazandy.
«Bir söweşden soň beýleki» filmi bellibir derejede Tomas Pinçonyň «Winlýandiýa» romanyna esaslanýar we ogurlanan gyzyny yzarlaýjylardan halas etmäge çalyşýan öňki rewolýusioner Bob barada gürrüň berýär.
Neşir filmi «baş aýlandyryjy epos» diýip atlandyryp, görkezilen wakanyň köptaraplylygyny belledi. Aktýorlaryň oýny hem öwgä mynasyp boldy.
Ikinji orunda Uilýam Şekspiriň ýeke-täk ogluny ýitirmegine bagyşlanan «Hamnet» filmi ýerleşdi. Drama Meggi O’Farrelliň adybir romanyna esaslandy. Şekspiriň keşbini Pol Meskal, onuň aýaly Agnessiň keşbini bolsa Jessi Bakli ýerine ýetirdi. Reýtingiň awtorlary ýaş Uilýam Şekspiriň durmuşynyň dramatik wakasynyň «tomaşaçyny gözýaşa» gark edip biljekdigini belleýär.
Öňdebaryjylaryň üçlügini Stiwen Spilbergiň «Gara çemedan» (Чёрный чемодан — двойная игра) trilleri jemledi. Film içalylar baradaky filmleriň žanryny täze, has çuňňur nukdaýnazardan görkezýär. Aňtaw agentleriniň keşplerini Maýkl Fassbender we Keýt Blanşett ýerine ýetirdi.
Sanawda dördünji we bäşinji orunlary Klint Bentliniň «Otly düýşleri» (Сны поездов) dramasy we Riçard Linkleýteriň «Täze tolkun» (Новая волна) filmi eýeledi.
Şeýle-de, ýylyň iň gowy 20 filminiň sanawyna «Ýönekeý bir tötänlik», «Başga ýol ýok», «Bagyşla, balam», «Marti Beýik», «Duýgy gymmatlygy», «Piter Hujaryň güni», «Eddington», «Ählumumy dil», «Şatlyk bolsun», «Oruell: 2+2=5», «Nädip sesarka bolmaly», «Finikiýa shemasy», «Romantikleriň nesli», «Frankenşteýn» we «Ýaraglar» girdi.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....