“Forsaž 9-yň” režissýory Jastin Lin Helldivers oýnuny ekranlaşdyrar

  • 04.12.2025 13:30
  • 3.1k+

“Forsaž 9” filmi bilen tanalýan režissýor Jastin Lin meşhur Helldivers (Dowzaha çümýänler) wideo oýnuny ekranlaşdyrmak bilen meşgullanar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berdi.

Ssenariniň üstünde ozal “Ol” we “Annabeliň näleti” filmleri üçin ssenarileri sazlan Geri Doberman işlär. Bu taslama Sony Pictures studiýasy gözegçilik edýär. Ýöne sýužetiň nämä esaslanjakdygy entek belli däl.
Helldivers oýny ilkinji gezek 2015-nji ýylda çykdy. Onda oýunçylar “dowzah desantynyň” – toslanan döwlet Super-Ýeriň ýörite toparynyň söweşijilerini dolandyrýar. Gahrymanlar başga planetaly üç duşman topary: tomzaklar, kiborglar we pähimdarlar bilen söweşýär.
Şol bir wagtyň özünde, Jastin Lin Netflix üçin taslamanyň – BRZRKR (Berserker) komiksini ekranlaşdyrmagyň üstünde-de işleýär. Onda baş keşbi Kianu Riwz ýerine ýetirer. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....