Oksford sözlügi “rage bait” sözüni 2025-nji ýylyň sözi hökmünde saýlady

  • 02.12.2025 17:07
  • 2.6k+

Iňlis diliniň Oksford sözlügi “rage bait” sözüni (sözme-söz terjimesi – “gazap duzagy”) 2025-nji ýylyň sözi diýip yglan etdi. Bu barada Oxford University Press neşirýatynyň saýtynda habar berildi.

“30 000-den gowrak adamyň gatnaşmagynda üç gün dowam eden ses berişlikden soň, biz rage bait-i ýylyň resmi sözi hökmünde saýladyk” – diýlip, habarda aýdylýar.

Bu söz bilen “gahar-gazap ýa-da nägilelik döretmek üçin bilkastlaýyn niýetlenen, adatça, trafigi ýokarlandyrmak ýa-da bellibir web-sahypa ýa-da sosial ulgamlarda akkaunta ünsi çekmek maksady bilen paýlaşylýan gaharyňy getiriji, öjükdiriji ýa-da kemsidiji onlaýn kontente” düşünilýär. Soňky bir ýylda onuň ulanylyş ýygylygy üç esse ýokarlandy.

“Rage bait sözüniň bar bolmagy we şeýle köp ulanylmagy biziň Internetde nähili manipulýasiýa usullaryna çekilip biljekdigimize barha gowy düşünýändigimizi aňladýar. Ozal Internet salgylanmalara geçmäge höwes döredip, biziň ünsümizi çekmäge gönükdirilýärdi, ýöne häzir biz onuň gurşap alandygyny we biziň duýgularymyza, nähili reaksiýa bildirýändigimize täsir edýändigini görýäris. Bu tehnologiýa dünýäsinde adam bolmagyň nämäni aňladýandygy we onlaýn-medeniýetiň ahyrky derejesi baradaky gürrüňiň tebigy dowamyna meňzeýär” – diýip, Oxford Languages-iň prezidenti Kasper Gratwol belledi.

Geçen ýyl Oksford sözlügi ýylyň sözi hökmünde brain rot-y saýlapdy, ol gönüden-göni “beýniniň çüýremegi” diýlip terjime edilýär. 

şu gün 12:35
1.9k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......