Alymlar tüwiniň dykyz topragy “burawlamak” mehanizmini ulanýandygyny anyklady

  • 04.12.2025 13:32
  • 3.1k+

Halkara biologlar topary tüwiniň köküniň hatda örän dykyz toprakdan nädip ösüp bilýändigini öwrendi. Nature žurnalyndaky ylmy makalada bellenilişi ýaly, ösümlik öz öýjükleriniň gurluşyny üýtgedip, köki özboluşly senagat turbasyna öwürýän aýratyn mehanizmi ulanýar eken.

Mehanizmiň düýp manysy näme? Köküň içki gatlaklary ýumşak we maýyşgak bolýar, daşky örtük bolsa berk bolmagynda galýar. Bu hem köke kyn toprakdan geçmek üçin zerur bolan berkligi we durnuklylygy berýär.
Ozal alymlara howany gowşak geçirýän dykyz toprakda köküň ujunyň töwereginde etilen gazynyň ýygnanýandygy bellidi. Bu gaz ösümlik üçin signal bolup hyzmat edýär: “uzalmaly däl-de, ýognamaly”. Ýöne etileniň köküň fiziki häsiýetlerini nähili üýtgedýändigi syr bolup galypdy.
Alymlar bu prosesde esasy elementiň OsARF1 belogydygyny anyklady. Etilen bu belogy işjeňleşdirýär, ol hem öz gezeginde sellýulozanyň önümçiligine jogap berýän genleri basýar. Bu basyş diňe köküň içki dokumalarynda bolup geçýär. Sellýulozanyň ýetmezçiligi sebäpli içki öýjükleriň diwarlary inçe hem maýyşgak bolýar we olar gapdala giňäp başlaýar. Şol bir wagtyň özünde, daşky gatlak ýogyn we gaty bolmagynda galýar.
Alymlar muny inženerlikde turba bilen deňeşdirýär: berk daşky örtük bilen basyşyň astynda giňeýän özeniň utgaşmagy. “Turba effekti” köküň egrelmeginiň ýa-da ýemşermeginiň öňüni alyp, oňa toprak bölejiklerini itekläp, pahna ýaly işlemäge mümkinçilik berýär.
Bu zynjyra düşünmek – etilen, OsARF1 belogy we öýjük diwary – seleksionerlere güýçli gural berýär. Indi hatda dykyzlandyrylan meýdanlarda-da kök ulgamlaryny netijeli ösdürip, ýokary hasyl getirip biljek täze tüwi we beýleki ekin görnüşlerini döretmek mümkin bolar. 


17.06.2026 11:37
4.5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.3k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
1.8k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.5k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......