Singapurly dizaýner Nike krossowkasyna Nintendo oýun konsolyny oturtdy

  • 02.12.2025 17:44
  • 7.1k+

Singapurly dizaýner Gustawo Bondzanini içine oýun konsoly gurnalan Nike Air Max 90 krossowkalaryny döretdi. Bu iş Ýaponiýada "Super Nintendo-nyň" çykarylmagynyň 35 ýyllygyna gabatlandy diýip, "The Verge" neşiri habar berýär.

Krossowkalarda Raspberry Pi Zero W mikrokompýuteri ulanylýar. Ol aýakgabyň diliniň içinde gizlenen, şeýle hem şol ýerde 30 minut çenli oýun oýnamaga ýetýän akkumulýator (batareýa) ýerleşýär.
"Raspberry Pi Zero W-da" gurlan mini-HDMI porty bar. Emma, "dizaýnyň 1990-njy ýylda hem bolan ýaly duýulmagy üçin" Bondzanini krossowkalaryň retro RCA kabelleri arkaly telewizora birikdirilmegine mümkinçilik berýän kiçi analog konwerter goşdy.
Bondzanini geýmpadyny hem Bluetooth moduly bilen üpjün etdi. Şonuň üçin hem ol krossowkalara simsiz birikdirilýär.


17.04.2026 00:04
6.8k+

Singapurly tälimçi asylmak boýunça goýan rekordyny ogluna bagyşlady

Singapurly tälimçi we ýoga mugallymy Razif Ýusoff öz bedenine goşmaça 176,1 kilogram agramy berkitmek we hereketsiz asylyp durmak bilen, Ginnesiň dünýä rekordyny täzeledi....

14.04.2026 16:25
4.2k+

Singapurly pensionerler şikeslerden goranmak üçin parkury özleşdirýär

Singapuryň eteginde ýaşaýan ýaşuly adamlaryň çalasynlygyny ösdürmek we durmuşda bolup biljek şikesleriň töwekgelçiligini azaltmak üçin, olara parkur öwredilýär. «South China Morning Post» neşiriniň ýazmagyna......

21.01.2026 10:07
2.8k+

Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär...

23.10.2025 13:00
3.8k+

Çagalar hassahanasynyň hassalary Nike-a täze kolleksiýany döretmäge kömek etdiler

Nike bilen Doernbecher çagalar hassahanasy Oregon saglyk we ylym uniwersitetiniň (OHSU) goldaw bermeginde alty sany ýaş hassa tarapyndan döredilen Nike Doernbecher Freestyle 21 haýyr-sahawat kolleksiýasyny hödürledi...