Singapurly tälimçi asylmak boýunça goýan rekordyny ogluna bagyşlady

  • 17.04.2026 00:04
  • 6.9k+

Singapurly tälimçi we ýoga mugallymy Razif Ýusoff öz bedenine goşmaça 176,1 kilogram agramy berkitmek we hereketsiz asylyp durmak bilen, Ginnesiň dünýä rekordyny täzeledi.

​Bu maşkda türgen özüne berkidilen ýüki doly göni saklap, hiç hili yrgyldaman turnikde asylyp durmalydyr. Ýusoff täze rekordyny ogluna bagyşlady we beýleki kakalary hem ýakynlary üçin öz mümkinçilikleriniň çäginden aşmaga ruhlandyrmak isleýändigini belledi.

​Razif Ýusoffuň sport ýoly üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Ol ýetginjeklik ýyllarynda sport bilen meşgullanman, haçan-da 19 ýaşandan soň türgenleşip başlandygyny aýdýar. Soňra ol harby gullugy geçip, kalistenika we pauerlifting bilen düýpli meşgullanypdyr. Ol «Manhunt Singapore» bäsleşigine gatnaşyp, «Mister kongeniallyk» adyna mynasyp bolandan soň, giňden tanalyp başlady. Bu tejribe oňa çekinjeňligini ýeňmäge-de kömek etdi.

​2016-njy ýylda Ýusoff «Push Pull Give» atly durmuş-fitnes guramasynyň esaslandyryjylarynyň biri boldy. Bu taslama sport türgenleşikleri bilen durmuş kömegini utgaşdyryp, şu wagta çenli 500-den gowrak adama — öňki tussaglara, mätäçlere we zähmet migrantlaryna goldaw berdi.

 


18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....