Singapurly pensionerler şikeslerden goranmak üçin parkury özleşdirýär

  • 14.04.2026 16:25
  • 4.2k+

Singapuryň eteginde ýaşaýan ýaşuly adamlaryň çalasynlygyny ösdürmek we durmuşda bolup biljek şikesleriň töwekgelçiligini azaltmak üçin, olara parkur öwredilýär. «South China Morning Post» neşiriniň ýazmagyna görä, bu taslama «geriatrik parkur» diýlip atlandyryldy.

Maksatnama 2017-nji ýylda başlandy. Ilkibaşda şeýle türgenleşikler gartaşan adamlara şikes ýetirer diýen howatyr bardy, emma wagtyň geçmegi bilen yzygiderli maşklaryň, tersine, sazlaşykly hereket etmegi gowulandyryp, gündelik durmuşda ýykylmalardan goranmaga kömek edýändigi belli boldy. Häzirki wagtda taslama 50 ýaşdan 83 ýaş aralygyndaky 20-ä golaý adam gatnaşýar.

Türgenleşdiriji Tan Şi Bun maşklaryň ýüze çykýan ýagdaýlara çalt reaksiýa bermäge kömek edýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, ýaşuly adamlar, köplenç, deňagramlylygy ýitirmek we hereket sazlaşygynyň pesligi sebäpli şikes alýar.

Maksatnama gatnaşyjylar hem türgenleşikleriň oňat täsir edýändigini aýdýar. «Men özümi has janly duýýaryn. Bu düýbünden täze bir dünýä» – diýip, 69 ýaşly Betti Bun belledi.

67 ýaşly Aýrin Çua bolsa türgenleşikleriň netijesinde marketde agdarylan arabajygyň üstünden böküp geçip, ýykylmakdan halas bolandygyny gürrüň berdi.

Gatnaşyjylar özleriniň howply tilsimleri däl-de, gündelik durmuşda peýdaly bolan maşklary ýerine ýetirýändiklerini nygtaýar.


03.06.2026 18:12
6.1k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....

21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....