Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini Döwletiň jar edilen güni bilen gutlady

  • 02.12.2025 11:57
  • 3.7k+

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­na we ýur­duň äh­li do­gan­lyk hal­ky­na Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň mil­li baý­ra­my — Döw­le­tiň jar edi­len gü­ni my­na­sy­bet­li mä­hir­li gut­lag­la­ry­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di.

“Biz ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ra ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris hem-de onuň Türk­me­nis­ta­nyň we Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň dost­luk­ly halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­rys” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­tyn­da nyg­ta­dy.

Pre­zi­den­t Serdar Berdimuhamedow ýa­kym­ly müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Pre­zi­dent Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­na tüýs ýü­rek­den berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk, aba­dan­çy­lyk, BAE-niň do­gan­lyk hal­ky­na bol­sa ösüş hem-de ro­waç­lyk ar­zuw et­di.

“Goý, Gud­ra­ty Güýç­li Al­la­ta­ga­la Si­ze äh­li asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry­ňyz­da we mak­sat­la­ry­ňyz­da me­det ber­sin!” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­ bel­le­di.

BAE-de Döwletiniň jar edilen güni her ýylyň 2-nji dekabrynda bellenilýär. 1971-nji ýylyň hut şol gününde ýedi emirlik birleşip, häzirki Birleşen Arap Emirlikleriniň düýbüni tutan ýeke-täk döwleti döretdiler.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......