Samsung ilkinji üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny hödürledi

  • 02.12.2025 16:52
  • 6.8k+

Samsung resmi taýdan üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfon-transformerini hödürledi. Ol eplenýän Galaxy smartfonlaryň arasynda iň uly ekrana, şeýle-de oýlanyşykly programma çözgütlerine we flagman aýratynlyklara eýe boldy.

Z TriFold-yň esasy aýratynlygy ulanylmaýan wagty esasy eplenýän ekranyň doly goragyny üpjün edýän iki titan şarnir boldy. Huawei Mate XT-den tapawutlylykda, Z TriFold-yň daşky ekrany yzky tarapda ýerleşýär, onuň iki tarapy bolsa merkeze eplenip, esasy ekrany doly ýapýar.
Esasy ekranyň diagonaly doly açylan ýagdaýynda 10 dýuýma, durulygy 2160 x 1584 piksele, täzelenme ýygylygy 1 – 120 Gs, iň ýokary ýagtylygy 1600 nite barabar. Sag tarapda 10 Mp frontal kamera ýerleşdirildi we Z seriýanyň beýleki eplenýän modelleri ýaly, ekran gorag plýonkasy bilen üpjün edildi.
6,5 dýuýmlyk daşky ekran 2520 x 1080 piksel durulyga, 1 – 120 Gs täzelenme ýygylygyna we 21:9 tarap gatnaşygyna hem-de 10 Mp frontal kamera eýe boldy. Ol 2600 nite çenli iň ýokary ýagtylygy üpjün edýär we Corning Gorilla Glass Ceramic 2 aýnasy bilen goralýar.


Smartfon Android 16-nyň esasynda OneUI 8 bilen işleýär. Uly ekran bir wagtda üç programmany biri-biriniň ýanynda portret režiminde işe girizmäge mümkinçilik berýär. Galaxy Z TriFold kompaniýanyň çalt sazlamalar paneli arkaly interfeýsi dolandyrmaga mümkinçilik berýän aýratyn Samsung DeX-li ilkinji smartfony boldy. Syçanjyk we klawiatura birikdirilende ol ykjam noutbuga ýa-da iş stansiýasyna öwrülýär.
Smartfon berk alýuminden ýasalan çarçuwa bilen üpjün edildi, onuň iň inçe ýerinde ýogynlygy bary-ýogy 3,9 mm barabar. Onuň agramy 309 gram bolup, ýygnalan görnüşde ölçegi 159,2 x 75 x 12,9 mm. Z Fold7 we Z Flip7 smartfonlary ýaly Z TriFold hem IP48 ülňüsi boýunça suwdan we tozandan goraga eýe boldy.
Smartfon Snapdragon 8 Elite for Galaxy prosessory bilen enjamlaşdyryldy. Operatiw ýat 16 GB, içki fleş-ýat 512 GB ýa-da 1 TB barabar.
Yzky tarapda 200 Mp esasy datçikden, 3 esse zum bilen 10 Mp moduldan we 12 Mp ultra giňburçly moduldan ybarat üçli kamera ýerleşdirildi.
Şeýle-de, smartfon yzky üç panelde ýerleşdirilen 5600 mA/sag sygymly üç bölekden ybarat akkumulýator bilen üpjün edildi. Smartfon 45 Wt kuwwatly simli we 15 Wt simsiz zarýad berşi goldaýar.
Smartfonyň bahasy entek belli däl. Ol ilki 12-nji dekabrda, anna güni Günorta Koreýada satuwa çykarylar. Geljekde bolsa Galaxy Z TriFold Hytaýda, Taýwanda, Singapurda, BAE-de we ABŞ-da elýeterli bolar.


24.02.2026 09:33
1.4k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.7k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...

12.02.2026 11:38
6k+

Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär

Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär...