Serdar Berdimuhamedow on bir aýyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

  • 04.12.2025 07:01
  • 15k+

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary gullukdan boşatmak, ýaş esgerleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça guralýan çäreler barada aýtdy.
Baş prokuror B.Muhamedow adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara gol çekdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ministrligi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, düzgün bozulmalaryň we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmek boýunça görlen anyk çäreler barada aýdyldy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew kazyýet işini netijeli guramak üçin öňdebaryjy usullaryň we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.

Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk tertibini üpjün etmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, ministrligiň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işler barada aýdyldy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek, serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow raýatlara we edara görnüşli taraplara hukuk hyzmatlaryny amala aşyrýan düzümleriň işini talabalaýyk üpjün etmek, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işine sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça şu ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow gullugyň işgärleriniň netijeli işlemegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler barada aýdyldy.
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň, halkara çäreleriň geçirilýän günlerinde howpsuzlygy, jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutany Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýändigine ünsi çekip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.


düýn 15:28
5.1k+

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 20,2 mlrd manatdan geçdi

2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanda bank kartlary arkaly amala aşyrylan nagt däl tölegleriň umumy möçberi 20,2 milliard manatdan geçdi. Bu barada «Bank habarlary» elektron žurnaly habar berýär...

düýn 11:10
5.9k+

Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoly döwrebaplaşdyrylar

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Çakyýew Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanan teklibi Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi. Bellenilişi...

düýn 09:02
7.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti protokol gullugynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleri goldady

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň protokol gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi...

düýn 08:54
3.3k+

Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş topary dörediler

Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek babatda degişi işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer N.Atagulyýew Hökümet mejlisinde habar berdi. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň goşulyşan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek hakynda çarçuwaly Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...