Toyota kompaniýasy Century G60 ultra-premium sedanynyň täze görnüşini görkezdi

  • 03.12.2025 11:51
  • 10k+

Toyota-nyň ýakynda aýratyn ultra-premium bölümçesine öwren Century brendi öz flagman sedanynyň täzelenen wersiýasyny hödürledi. 1967-nji ýyldan bäri Century adyny göterýän model 2018-nji ýylda häzirki nesil G60 çykany bäri ilkinji gezek uly täzelenmä eýe boldy.

Täzelenme giň gerimde bolmady, esasy üns howpsuzlyga gönükdirildi. Täzelenen sedan indi Toyota Safety Sense toplumynyň soňky wersiýasy bilen üpjün edilýär. Ulgam awtomobilleri, pyýadalary, welosipedçileri we motosiklçileri tanamagyň giňeldilen funksiýalaryny aldy. Goşmaça Proactive Driving Assist moduly awtomobiliň ýolda garaşylmadyk ýagdaýda adam peýda bolanda ruly we tormozy özbaşdak sazlamagyna kömek edýär hem-de haýal barýan awtomobilleriň yzyndan hereket edilende ýa-da öwrüme girilende haýallamany «ýumşadýar».
Salonda 8 dýuým ekranly täze mediaulgam peýda boldy. Ultra-kaşaň ulag üçin bu mahsus däl ýaly görünse-de, Toyota interýeriň nusgawy stilini saklamak kararyna geldi. Täze bezeg materiallary ýa-da reňkler hem ulanylmady; sedanda Century SUV-da bar bolan elektrohrom yzky aýna-da ýok.
Tehniki bölek öňküligine galdy. Kapotyň aşagynda Lexus LS 600h-den gibrid güýç enjamy bar: 5,0 litrlik V8 atmosfera hereketlendirijisi elektrik hereketlendirijisi bilen bilelikde 425 at güýjüni berýär. Adaty üpjünçilige pnewmatik asgyç we işjeň sesi ýatyryş ulgamy girýär.
Täzelenmäniň uly däldigine garamazdan, baha ep-esli ýokarlandy. Awtoulagyň bahasy 23 mln ýenadan (takmynan, 149 müň dollar) başlaýar we bu öňki wersiýadan 2,92 mln ýena gymmatdyr. Şol bir wagtyň özünde, sedan häzirem 27 mln ýenadan (takmynan, 173 müň dollar) başlaýan Century SUV-dan arzan bolmagynda galýar.   


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......