FT: Afrikanyň tokaýlary uglerody siňdirmegi bes edip, parnik gazlaryny çykaryp başladylar

  • 03.12.2025 10:53
  • 7.5k+

Afrikanyň öň parnik gazlaryny özüne siňdirýän tokaýlary geçen onýyllygyň başynda, tokaýlaryň köpçülikleýin çapylmagy sebäpli, CO2 zyňyndylarynyň iň uly çeşmelerinden birine öwrüldi. Bu barada halkara klimaty öwrenýän alymlar toparynyň geçiren barlagyna salgylanýan Britaniýanyň Lester uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

“Bu açyş halkara klimat gün tertibi üçin möhüm yşarat bolmaly. Eger Afrikanyň tokaýlary uglerody siňdirmegi bes eden bolsa, bu dünýäniň beýleki sebitleriniň temperatura derejesini Selsiý boýunça 2 gradusda saklamak we betbagtçylykly howa üýtgemeleriniň öňüni almak üçin zyňyndylary has-da azaltmalydygyny aňladýar. Şeýle hem, biz tokaýlary çapmagy bes etmek boýunça işimizi güýçlendirmelidiris” diýip, Lester uniwersitetiniň professory Heýko Baltszer mälim etdi.

Alymlar hemralar we aerofoto suratlary arkaly toplanan maglumatlary, şeýle hem 2007-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli döwürde Afrikanyň 10 800 tokaý sebitinden biomassanyň ölçeglerini öwrenenden soň şeýle netijä geldiler.
Hasaplamalar 2010-njy ýyla çenli Afrikanyň umumy biomassasynyň ýylda takmynan 433 million tonna köpelendigini görkezdi, ýöne şondan soň tebigy ýangynlaryň ýygylygynyň artmagy we tropiki tokaýlaryň çapylmagynyň güýçlenmegi sebäpli çalt peselip başlady. Iň işjeň ýitgiler (ýylda takmynan 133 million tonna biomassa) 2010-2015-nji ýyllar aralygyna gabat geldi.
Ýitgiler esasan Madagaskar, Kongo Demokratik Respublikasy we Günbatar Afrika ýurtlary ýaly tropiki sebitlerde jemlendi. Ýitgileriň bir bölegi sawanna biomassasynyň köpelmegi bilen öwezi dolundy, ýöne umuman alanyňda, Afrikanyň tokaýlary CO2 siňdiriji bolmagyndan zyňyndylaryň esasy çeşmesine öwrüldi.


18.02.2026 07:37
7.6k+

Balykçylygyň gadagan edilmegi Ýanszy derýasynda 70 ýylda ilkinji gezek balyklaryň köpelmegine getirdi

Science žurnalynda Hytaýda geçirilen giň gerimli ekologik barlagyň netijeleri çap edildi. Onda alymlar 2021-nji ýylda Ýanszy derýasynyň howzunda täjirçilik maksatly balyk tutmaga girizilen on ýyllyk moratoriýanyň netijelerine baha berdiler...

14.02.2026 14:15
3.1k+

Norwegiýa deňziniň düýbünde adatdan daşary wodorod çeşmesi tapyldy

Alymlar Norwegiýa deňziniň düýbünde düzüminde adatdan daşary ýokary mukdarda wodorod saklaýan gidrotermal çeşmeleri ýüze çykardylar. Knipowiç gerşiniň çäklerinde edilen bu açyş şeýle ulgamlaryň emele gelşi we beýleki planetalaryň ummanlaryndaky ýaşaýyş mümkinçilikleri baradaky düşünjelere üýtgeşme girizip  biler...

04.02.2026 10:47
3.4k+

Alymlar CO₂ derejesini peseltmek üçin agaçlary suwa basdyrmagy teklip edýärler

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Ulf Býutgeniň ýolbaşçylygynda Demirgazyk buzly ummanynyň düýbüne agaçlary çümdürmek arkaly uglerody uzak möhletleýin saklamak usulyny hödürlediler. Bu ylmy garaýyş 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda NPJ Climate Action žurnalynda çap edildi...

31.01.2026 15:26
3.4k+

Paleontologlar 512 million ýyllyk deňiz ekoulgamyny tapdy

Hytaýyň Hunan welaýatynda 512 million ýyl taryhy bolan, şonda-da gowy saklanyp galan deňiz ekoulgamynyň galyndylary tapyldy diýip, New Scientist neşiri habar berýär. Bu tapyndy Ýer ýüzüniň taryhyndaky ilkinji köpçülikleýin gyrylmadan soň haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyny jikme-jik seljermäge mümkinçilik berýär...