Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna baryp, oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

  • 03.12.2025 09:43
  • 14k+

2-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany bu ýerde oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda toplumy ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynda wise-premýer T.Atahallyýew häzirki wagtda Ylmy-barlag däneçilik, Ekerançylyk we Pagtaçylyk institutlary tarapyndan ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi önüm öndürijileriň, daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň oňyn netije bermegine, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, pudaga täzeçil tehnologiýalary we häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge möhüm goşant goşar.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işiniň oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Maslahatyň dowamynda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, dürli ekinleriň täze görnüşlerini synag etmek ugrunda toplumlaýyn ylmy işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň hiline möhüm ähmiýet berilmelidigini, şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, döwrebap agrotehniki usullaryň netijeli öwrenilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


düýn 16:30
645

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
778

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......