Serdar Berdimuhamedow suw hojalygy pudagynyň tehniki binýady pugtalandyrmak boýunça işler bilen tanyşdy

  • 02.12.2025 11:28
  • 11k+

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr» Türkmen köli aragatnaşyk we gözegçilik dolandyryş edarasyna bardy. Döwlet Baştutany bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui Construction Machinery FZE» kompaniýasyndan täze satyn alnan tirkeg çekiji we ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň, ekskawatorlaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde maldarçylyk pudagynyň täze desgasynyň işe girizilmeginiň, şeýle hem suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrjak täze tehnikalaryň satyn alynmagynyň aýratyn mana eýedigini belledi.
Wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri oba hojalyk pudagyny ösdürmäge döredýän şertleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin yhlasyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.


şu gün 09:55
230

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
636

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....