"Cahiers du Cinéma" neşiri 2025-nji ýylyň iň gowy 10 filmini yglan etdi

  • 03.12.2025 10:46
  • 5k+

Kino hakyndaky abraýly fransuz neşiri bolan “Cahiers du Cinéma” 2025-nji ýylyň iň gowy 10 filminiň sanawyny çap etdi.

Žurnalistler birinji orny “Lýudowik XIV-niň ölümi” we “Adalardaky jebirler” atly filmleriň döredijisi bolan ispaniýaly režissýor Albert Serranyň “Ýalňyzlyk günleri” (“Дни одиночества”) atly dokumental filmine berdiler. Filmde matador Andres Roka Reýiň we onuň toparynyň birnäçe öküz söweşlerinde başdan geçirenleri beýan edilýär.
Sanawda fransuz režissýorlarynyň filmleri agdyklyk edýär: Sofi Leturneriň “Başdangeçirme”, Pýer Kreton bilen Wensan Barreniň “Mark Braun bilen 7 gezelenç” hem-de Kristian Petsoldyň “Şekiller № 3” («Отражения № 3»).
Bu reýtinge amerikaly režissýorlaryň iki filmi hem girdi: Pol Tomas Andersonyň “Bir söweşden soň beýleki” (“Битва за битвой”) filmi ikinji orny, Riçard Linkleýteriň “Täze tolkun” (“Новая волна”) filmi bolsa sekizinji orny eýeledi.
“Cahiers du Cinéma” neşiriniň saýlan iň gowy 10 filminiň doly sanawy:

  1. “Ýalňyzlyk günleri”, Albert Serra;
  2. “Bir söweşden soň beýleki”, Pol Tomas Anderson;
  3. “Hawa!”, Nadaw Lapid;
  4. “Gizlin agent”, Kleber Mendonsa Filýu;
  5. “Men diňe tupanda dynç alýaryn”, Pedru Pinýu;
  6. “Başdangeçirme”, Sofi Leturner;
  7. “Mark Braun bilen 7 gezelenç”, Pýer Kreton we Wensan Barre;
  8. “Täze tolkun”, Riçard Linkleýter;
  9. “Sergezdan Loran”, Anton Balekjýan, Leo Kutýur, Matteo Ýustaşon;
  10. “Şekiller № 3”, Kristian Petsold.

düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......