Paramount “Nindzýa pyşbagalar” we “Sonik” boýunça täze filmleriň çykjak senesini aýtdy

  • 04.12.2025 13:35
  • 2.2k+

Paramount studiýasy “Nindzýa pyşbagalar” we “Sonik kinoda” franşizalary boýunça täze filmleriň çykjak senesini aýtdy. Bu barada Deadline habar berýär.

“Nindzýa pyşbagalar” boýunça täze film 2028-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, “Sonik” älemi boýunça indiki doly metražly film bolsa bir aý soň, 2028-nji ýylyň 22-nji dekabrynda çykar. Ýöne neşir gürrüňiň “Sonigiň” haýsy bölümi barada gidýändigini aýdyňlaşdyrmaýar.
“Sonik-4 kinoda” filminiň premýerasy 2027-nji ýylyň 19-njy martyna meýilleşdirilýär. Ähtimal, soňky çykjak film franşizanyň bäşinji bölümi ýa-da aýratyn bir film bolup biler.
“Nindzýa pyşbagalar” boýunça täze filmiň prodýuseri hökmünde “Forsaž” we “Sonik kinoda” üçin jogapkär bolan Nil H.Moris bellendi. Franşiza boýunça çykarylan geçenki üç taslama (bir animasion we iki laýw-ekşn formatda) Paramount-a 913 mln dollar getirdi.
Ozal studiýa R reýtingli “Nindzýa pyşbagalar: Soňky Ronin” komiksi boýunça filmiň önümçiligini togtatdy. Bu filmiň režissýory Ilýa Naýşuller bolmalydy. Kompaniýa maşgala wersiýalaryna üns bermek kararyna geldi.
“Sonik-4 kinoda” barada aýdylanda, bu taslama barada entek giňişleýin maglumat ýok. Trikweliň soňky sahnasy Metal Sonigiň we Emi Rouzyň peýda bolmagyna yşarat edipdi. Insaýderler sýužetiň Sonic CD oýnuna esaslanyp, wagt syýahaty bilen baglanyşykly boljakdygyny habar berýär. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....