13k+

Win Dizel: Kriştianu Ronaldu üçin “Forsaž” kinofranşizasynda rol döredildi

Golliwudyň aktýory Win Dizel meşhur "Forsaž" kinofranşizasynda portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu üçin rol döredilendigini mälim etdi. Filmiň baş gahrymany Dominik Torettonyň roly bilen tanalýan aktýor, bäş gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi bolan futbolçy bilen bile düşen suratyny paýlaşdy...

1.8k+

"Superdoganlar Mario" filminiň dowamynyň täze tizeri çykdy

Illumination we Universal Pictures kino kompaniýalary meşhur "Superdoganlar Mario. Film" filminiň dowamy bolan "The Super Mario Galaxy Movie" atly animasion filmiň täze tizerini hödürlediler. Wideoda Mario bilen Luijiniň franşizanyň esasy garşydaşy bolan Bouzeriň ogly Bouzer-kiçi bilen arasyndaky söweş görkezilýär...

2.5k+

Çiliniň Prezident saýlawlarynda konserwator Hose Antonio Kast ýeňiş gazandy

Çilide geçirilen Prezident saýlawlarynda Respublikan partiýasyndan ultrakonserwatiw dalaşgär Hose Antonio Kast ýeňiş gazandy. 99%-den gowrak býulleteni sanamagyň netijesi boýunça, ol saýlawçylardan 58,16% ses aldy diýip, ýurduň saýlaw gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian ýazýar...

4.9k+

Disney multfilmleriň nähili döredilýändigini görkezdi

Disney “Haýwanlar şäheri-2”, “Moana” we “Doňan ýürek” multfilmleriniň mysalynda studiýanyň animasion filmleriniň dörediliş prosesini görkezýän “Biz muny nädip edýäris” (What we Do) onlaýn-portalyny işe girizdi...

1.9k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...

1.4k+

ChatGPT App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň sanawynda birinji boldy

Apple 2025-nji ýylda App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny OpenAI-iň ChatGPT çat-boty eýeledi. Hyzmat sekuntda 30 müňden gowrak habary gaýtadan işleýär. Uly ýaşly ulanyjylaryň köpüsi adaty gözleg ulgamlarynyň deregine çat-boty maglumat gözlemek üçin işjeň ulanýar...

3.8k+

Türkmenistanda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi

14-nji dekabrda Türkmenistanda Ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň gü­ni mynasybetli Ne­bit­gaz top­lu­my­nyň mej­lis­ler za­lyn­da “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ne­bit­gaz pu­da­gyn­da ýe­ti­len sep­git­ler” at­ly baý­ram­çy­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di...

2.6k+

Britaniýaly heýkeltaraş gan öýjüginiň ululygyndaky heýkeli döretdi

Britaniýaly heýkeltaraş Dewid Lindon (David Lyndon) dünýäde el bilen ýasalan iň kiçi iş hökmünde täze rekord goýan "Sary smaýlik" atly täze mikroskopiki heýkelini hödürledi. Ýylgyrýan şary ýatladýan miniatýuranyň ölçegleri bary-ýogy 11,037 we 12,330 mikrona deňdir...

2.8k+

Smartfonlar çagalarda depressiýa we semizlik howpuny ýokarlandyrdy

Çaganyň smartfon bilen ir tanyşmagy alymlarda uly howatyrlanma döredýär: amerikaly hünärmenleriň täze barlaglary bu enjamy ele almak ýaşynyň we ýetginjeklerde depressiýa, semizlik we ýeterliksiz ukynyň artmak howpunyň arasynda aladalandyryjy baglanyşygy ýüze çykardy...

1k+

Walt Disney OpenAI kompaniýasyna 1 mlrd dollar maýa goýar

Walt Disney Company amerikan kompaniýasy we OpenAI emeli aň işläp düzüjisi üçýyllyk ygtyýarnama şertnamasyny baglaşdy. Onuň çäklerinde Disney hyzmatdaşyna 1 mlrd dollar maýa goýar. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, OpenAI-iň Sora generatiw programmasy emeli aňyň kömegi bilen wideolary döretmek üçin 200-den gowrak Disney personažyny öz içine alýan ýygynda elýeterli bolar...

5k+

The Ring: Fýuriniň Joşua garşy söweşi 2026-njy ýylda Er-Riýadda bolar

Super agyr agramda boks boýunça iki öňki dünýä çempiony, britaniýalylar Taýson Fýuri bilen Entoni Joşua 2026-njy ýylda Er-Riýadda köpden bäri garaşylan söweşi geçirer. Bu barada The Ring neşiri habar berdi. Olaryň duşuşygy geçiriljek wagty takyk kesgitlenmedik Riyadh Season ýaryşynyň esasy wakasy bolar...

1.7k+

ABŞ-da gatanda CO₂-ni siňdirýän beton işlenip düzüldi

Massaçusetsdäki Wuster Politehniki Institutynyň (WPI) alymlary Fermentatiw Gurluşlyk Materialy (ESM) diýlip atlandyrylýan innowasion gurluşyk materialyny işläp düzdüler. Onuň esasy aýratynlygy uglerod-negatiw bolmagydyr: gatama prosesinde ol kömürturşy gazyny çykarman, tersine, atmosferadan kömürturşy gazyny işjeň özüne siňdirýär...

1.4k+

Hyundai köpçülikleýin çykjak pilotsyz MobED rowerini görkezdi

Hyundai 2021-nji ýylda ilkinji gezek yglan edilen MobED (Mobile Essentric Droid) ykjam platformasynyň köpçülikleýin önümçilik wersiýasyny hödürledi. Ýokary geçijilik ukyby bilen tapawutlanýan bu robot arabajygy ownuk ýükleri eltip bermek ýaly dürli wezipeler üçin niýetlenendir...

3.9k+

Detroýtda Robokopyň bürünç heýkeli açyldy

Detroýtda Robokopyň bürünçden heýkeli açyldy. Bu heýkeli bäş ýylyň dowamynda döretdiler we ony oturtmaga rugsat almak üçin ýene sekiz ýyl gerek boldy diýip, "The Guardian" habar berýär. Boýy takmynan 3,3 metr we agramy 1,6 tonna töweregi bolan lowurdaýan heýkel "Free Age" kinostudiýasynyň çäginde ýerleşýär...

4.1k+

Mercedes-Benz Momenta bilen bilelikde Abu-Dabide S-klas robototaksisini işe girizer

Mercedes-Benz ilkinji gezek robototaksi bazaryna girýär. Nemes konserni BAE-niň (Birleşen Arap Emirlikleriniň) Abu-Dabi şäherinde sürüjisiz (awtomatiki) taksini işe girizmegi meýilleşdirýär. Taslama Hytaýyň programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýyş kompaniýasy bolan "Momenta Global" bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär...

2.5k+

IMDb ýylyň jemini jemledi we iň meşhur filmleri hem seriallary saýlady

IMDb platformasy 2025-nji ýylyň iň meşhur filmleriniň, seriallarynyň we artistleriniň sanawyny hödürledi. Reýtingler ulanyjylaryň soňky aýlarda köp gözlän we gürrüňini eden taslamalaryny görkezýär. Doly metražly filmleriň arasynda birinji orny baş keşpde Dewid Korenswet bilen Jeýms Gannyň «Supermen» filmi eýeledi...

4k+

ÝB içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryň satuwyna gadaganlygy 2040-njy ýyla çenli yza süýşürýär

Ýewropa Bileleşigi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili täze ulaglary satmaklyga goýlan gadaganlygy yza süýşürmegi meýilleşdirýär. Bu barada "The Times" gazeti öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. ÝB-ne agza 27 döwlet tarapyndan 2023-nji ýylda gol çekilen ylalaşygyň ilkibaşda 2035-nji ýylda güýje girmegi meýilleşdirilipdi...

2.3k+

Citroën ýatylýan ýerli we kinoteatrly ELO konseptual ykjam wenini görkezdi

Citroën ELO atly konseptual kompaktwenini tanyşdyrdy. Awtoulagyň esasy aýratynlygy – işlemek we dynç almak üçin ulanyp bolýan, ýatylýan ýere ýa-da kinoteatra öwrülip bilýän transformirlenýän salonydyr. Täze modeliň uzynlygy 4,1 metr bolup, bu öňki Citroën C3 Picasso bilen deňeşdirilýär, ýöne ELO-ny uly, 21 dýuýmlyk tekerler tapawutlandyrýar...