DC Milli Elkogyň baş rolda oýnamagynda "Supergyzyň" ilkinji treýlerini görkezdi

  • 15.12.2025 16:48
  • 3.7k+

Warner Bros. we DC Studios 2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda görkezilmegi meýilleşdirilýän "Supergyzyň" ("Supergirl") ilkinji treýlerini tanyşdyrdy. Film Tom Kingiň "Supergyz: Ertirki günüň zenany" atly komiksy esasynda düşürilýär.

Wideorolikde Kara Zor-El içki meseleleri, şol sanda spirtli içgilere garaşlylygy bolan çylşyrymly gahryman hökmünde görkezilýär. Onuň keşbi Dewid Korenswetiň ýerine ýetiren Supermeniniň keşbinden düýpli tapawutlanýar.

"Ol her bir adamda gowyny görýär, men bolsa hakykaty görýärin" diýip, ol aýdýar.

Baş roly "Aždarhanyň öýi" (“Дом Дракона”) serialy boýunça tanalýan Milli Elkok ýerine ýetirdi. Şeýle hem, filmde Jeýson Momoa kellekeser Lobonyň keşbini oýnady.
Filmiň režissýory Kreýg Gillespi (“Million dollarlyk el”, “Kruella”). Senarisini “Sara + Di” we “Wampiriň gündelikleri” (“Дневники вампира”) seriallaryndaky keşpleri bilen tanalýan Ana Nogeýra ýazdy.
Bu film Jeýms Gannyň we Piter Safranyň ýolbaşçylygynda täzelenen DC kino äleminiň ikinji bölegi bolar. Birinji bölegi 2025-nji ýylda çykan “Supermen” filmi boldy.


düýn 20:52
2.1k+

«Maşa we Aýy» multserialy doly metražly film bolar

«Maşa we Aýy» multserialynyň awtory Oleg Kuzowkow taslamanyň esasynda dörediljek ilkinji doly metražly filmiň üstünde işläp başlady. Filmiň önümçiligi bilen onuň esaslandyran Studio MiM studiýasy meşgullanar....

düýn 17:28
2.6k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

düýn 16:08
2.1k+

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

düýn 11:08
2.4k+

Agata Kristiniň syrly ýitirim bolşy barada film düşüriler

Felisiti Jons «On bir ýitirilen gün» (Одиннадцать пропущенных дней») diýlip atlandyrylýan täze detektiw filminde Agata Kristiniň keşbini janlandyrar. Bu film ýazyjynyň 1926-njy ýyldaky syrly ýitirim......