Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

  • 15.12.2025 14:58
  • 1.8k+

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar.

Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat. Hytaýda ol bäş wersiýada hödürlenýär. Galan ýagdaýda global wersiýanyň tehniki aýratynlyklary hytaý wersiýasy bilen birmeňzeşdir.
Huawei Mate X7 Kirin 9030 çipseti bilen enjamlaşdyryldy we iki displeýi bar. Smartfon durulygy Full HD+ we iň ýokary ýagtylygy 3000 nit bolan 6,49 dýuým diagonally daşky ekrana eýe boldy. Içki, eplenýän ekranyň diagonaly 8 dýuýma we durulygy 2416×2210 piksele barabar. Displeýleriň ikisi-de 120 Gs kadr ýygylygyny goldaýar.
Öndüriji dizaýna aýratyn üns berdi: Mate X7-niň ýogynlygy açylan görnüşde 4,5 mm, ýygnalan görnüşde 9,5 mm, agramy 235 grama barabar. Smartfon IP58 we IP59 ülňüleri boýunça suwdan goragly. Ekran bolsa ikinji nesil Kunlun Glass aýnasy bilen goralýar.
Akkumulýatoryň sygymy 5600 mA/sag bolup, 66 Wt simli we 50 Wt simsiz zarýad alşy goldaýar. Şeýle-de, smartfona goşmaça zarýad bermezden 10 güne çenli işlemäge mümkinçilik berýän «Ekspedisiýa» režimi göz öňünde tutuldy.
Kamera ulgamy flagman Mate 80 Pro bilen meňzeş. Ol üýtgeýän diafragmaly 50 Mp esasy moduly, 40 Mp ultra giňburçly obýektiwi we 3,5 esse optiki zum bilen periskopik kamerany öz içine alýar.
Huawei-niň maglumatlaryna görä, Collector's Edition wersiýasynda esasy sensor iPhone 17 Pro Max-dan ýagtylygy iki esse köp tutýar.
Dünýä bazarynda Huawei Mate X7 üç reňkde hödürlenýär: Obsidian Black, Cloud White we Universal Red. Smartfonyň bahasy 2099 ýewro.


16.01.2026 08:10
3.7k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.5k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...