"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer

  • 15.12.2025 08:41
  • 1.8k+

IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar.

IDC-niň maglumatlaryna görä, eplenýän enjamlaryň dünýäde üpjünçiligi şu ýylyň netijeleri boýunça 10% artyp, 20,6 million birlige ýeter. Hünärmenler deslapdan has haýal ösüş depginine — 6%-e garaşýardylar.
Ilkinji eplenýän iPhone-nyň 2400 dollardan satuwa çykmagyna garaşylýar. Hünärmenler bu täze önümiň Apple-e ilkinji ýylda segmentiň üpjünçilik mukdary boýunça 22%-ni we pul görnüşinde 34%-ni eýelemäge mümkinçilik berjekdigini çaklaýarlar.
"Apple" we "Samsung" enjamlaryndan başga-da, "HarmonyOS Next" operasion ulgamyny dolandyrýan "Huawei" modelleri we çözgütleri 2026-njy ýylda islegi artdyrjak esasy güýçler bolar. Bilermenler "Apple"-iň eplenýän iPhone-ny çykarmagynyň, umuman, "çeýe" enjamlar kategoriýasy barada sarp edijileriň habardarlygyny ýokarlandyryp, olara bolan gyzyklanmany höweslendirjekdigini hasaplaýarlar. Bu öndürijiler üçin amatlydyr, sebäbi eplenýän smartfonlar adaty smartfonlardan ortaça üç esse gymmatdyr, bu hem durgunlaşan bazary janlandyrmaga kömek eder.
Çaklamalara görä, eplenýän enjamlar segmentindäki ýyllyk ortaça ösüş depgini 2029-njy ýyla çenli 17% bolar, adaty smartfonlar üçin bolsa bu görkeziji bary-ýogy 1%-den geçmez. "Apple"-iň iOS operasion ulgamly eplenýän enjam segmentindäki paýynyň 2026-njy ýylda 22%-e, 2029-njy ýyla çenli bolsa 34%-e ýetmegine garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, "Android"-iň paýy 2029-njy ýylyň ahyryna çenli häzirki 89%-den 52%-e çenli aşak düşer.


12.05.2026 14:43
7.2k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......