Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

  • 15.12.2025 11:11
  • 2.4k+

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow ne­bit­çi­leri, gaz­çy­lary we geo­log­lary Türkmenistanda her ýylyň 14-nji dekabrynda bellenilip geçilýän Ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň gü­ni bi­len gut­la­dy.

Döwlet Baştutany pudagyň işgärleriniň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi işe girizildi. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde bellenilmegi özboluşly many-mazmuna eýe boldy diýip, Serdar Berdimuhamdow aýtdy.
Türkmenistanyň dürli künjeklerinde täze nebitli we gazly ýataklaryň açylmagy, Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijileri, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasy pudakda gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezildi.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň TOPH taslamasynyň möhüm böleginiň — Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna ak pata bermegi ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge hem-de sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge ygrarlydygymyzyň nobatdaky mysalyna öwrüldi diýip, döwlet Baştutany nygtady.
Türkmen geologlarynyň yhlasly gözlegleriniň netijesinde ýüze çykarylan, ýangyç serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz hem-de sebit üçin örän uly ykdysady ähmiýeti bar.

"Bu käniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň gerimini giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýar" diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany gutlagynda nebitgaz pudagynyň we geologiýa işgärleriniň öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, Türkmenistanyň bu ugurdaky borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýandygyny belledi.


şu gün 18:14
322

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

şu gün 12:31
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
550

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
684

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......