Tanis şäherinden tapylan 225 heýkeljik mazarda ýatan faraonyň adyny anyklamaga ýardam etdi

  • 15.12.2025 17:03
  • 8.9k+

Arheologlar Nil deltasyndaky gadymy Tanis şäherinde ýerleşýän şa mazaryndan 225 sany jaýlamak üçin niýetlenen heýkeljik tapdylar. Bu artefaktlaryň ýüzündäki nyşanlar atsyz sarkofagda ýatan merhumyň şahsyýetini anyklamaga mümkinçilik berdi: ol faraon Şeşonk III bolup çykdy.

Tanisdäki fransuz ekspedisiýasyna ýolbaşçylyk edýän müsürşynas Frederik Peýrodo barlagyň netijelerini mälim etdi. Ol in situ (öz ýerinde) jaýlanýan heýkeljikleriniň 1946-njy ýyldan bäri Tanis nekropolynda ilkinji gezek tapylandygyny aýtdy.
Peýrodo şeýle tapyndylary aýratyn seýrek duş gelýän tapyndy diýip atlandyrýar. Ol olaryň hatda Patyşalar jülgesinde hem şeýle ýagdaýda tapylmaýandygyny belleýär. 1922-nji ýylda açylan Tutanhamonyň mazary, aýratyn ýagdaýdyr.
Bu heýkeljikler 9-njy oktýabrda ir bilen uly, ýöne atsyz sarkofagyň ýerleşýän dar mazarynyň gazuw-agtaryş işleri mahalynda tapyldy. Topar olary örän seresaply aýyrdy, şonuň üçin iş 10 gün dowam etdi.
Uly bolmadyk ýaşyl heýkeljikler trapesiýa görnüşli çukuryň diwarlarynyň ugrunda “ýyldyz” şekilinde goýlupdyr, beýlekileri bolsa aşaky böleginde hatar-hatar bolup ýatyrdy. Bu heýkeljikler merhumy ahyrýetde ýakynyna ýoldaş boljak simwoliki “gullukçylar” hasaplanypdyr. Peýrodo tapylan heýkeljikleriň ýarysyndan gowragynyň aýal şekilindäki heýkeljikler bolandygyny we munuň örän seýrekdigini sözüniň üstüne goşdy.


13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6.1k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....