Çiliniň Prezident saýlawlarynda konserwator Hose Antonio Kast ýeňiş gazandy

  • 15.12.2025 16:34
  • 2.5k+

Çilide geçirilen Prezident saýlawlarynda Respublikan partiýasyndan ultrakonserwatiw dalaşgär Hose Antonio Kast ýeňiş gazandy. 99%-den gowrak býulleteni sanamagyň netijesi boýunça, ol saýlawçylardan 58,16% ses aldy diýip, ýurduň saýlaw gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian ýazýar.

Kastyň esasy garşydaşy, öňki zähmet we sosial gorag ministri, Kommunistik partiýanyň agzasy Žanett Hara saýlawçylardan 41,84% ses aldy. Ol öz ýeňlişini boýun alyp, ýeňijä işinde üstünlikleri arzuw etdi.
59 ýaşly Hose Antonio Kast tutuş syýasy karýerasynyň dowamynda yzygiderli sagçy garaýyşlary goldady. Ol özüniň saýlawdan öňki kampaniýasynda serhet diwarlaryny gurmak we ýurtda bikanun esasda gezip ýören ähli migrantlary deportasiýa etmek meselelerine aýratyn üns berdi. 


05.03.2026 05:58
5.7k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...

18.02.2026 17:02
2.6k+

Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy Sanae Takaitini ýurduň 105-nji premýer-ministri hökmünde saýlady. NHK telekanalynyň berýän habaryna görä, ses berilişik hanym Takaitä ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň takyk ýarysyny toplamak üçin bary-ýogy birje sesiň ýetmezçilik edendigi sebäpli iki tapgyrda geçirildi...

10.02.2026 09:22
1.7k+

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda sosialist Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda Sosialistik partiýanyň kandidaty Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy. 8-nji fewralda geçirilen ses berilişigiň ikinji tapgyrynda Seguru ultrasagçy «Chega!» («Besdir!») partiýasyndan dalaşgär bolan Andre Wenturadan öňe saýlandy...

09.02.2026 10:42
1.5k+

Tailandda parlament saýlawlary we Konstitusiýa boýunça ses berilişik tamamlandy

Tailandda geçirilen parlament saýlawlarynda premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anutin Çarnwirakul tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Tailandyň buýsanjy» (Bhumjaithai) konserwatiw partiýasy ýeňiş gazandy...