Brenda atly kanadaly ýaşaýjy Kwebek welaýatynda 1 mln dollarlyk (Kanada dollary bolup biler) lotereýa utdy. Ýöne bir gezeklik tölegiň deregine 20 ýaşly gyz ömrüniň ahyryna çenli her hepde 1000 dollar almagy makul bildi.
Bu çözgüt oňa 52 000 dollar möçberde ýyllyk girdejini üpjün eder. 30 ýylda umumy töleg mukdary 1,56 mln dollara, eger Brenda 80 ýaşa çenli ýaşasa, onda 3,1 mln dollara ýeter.
Kanadaly gyz öz gelen netijesini durnukly girdejiniň ruhy taýdan rahatlyk berýändigi we nähili ýagdaýa düşse-de, hemişe pulunyň bolmagyny kepillendirýändigi bilen düşündirdi.
Gyzyň bu karary sosial torlarda çekişmelere getirdi. Mysal üçin, Binance kriptobiržasynyň esaslandyryjysy Çanpen Çžao gyzyň bir gezeklik tölegden ýüz öwrüp, ýalňyşlyk goýberendigini aýdýar.
“Ol 1 mln dollary alyp, bu pullara bitkoin (ýa-da BNB) satyn alan bolsa utardy we galan ömründe her hepde 1000 dollar sarp ederdi. Şol bir wagtyň özünde, onuň millionlarça dollary galardy. Aýdalyň, ol 100 ýaşa çenli ýaşaýar. Bu ýagdaýda oňa 5 mln dollar tölener (inflýasiýany hasaba almazdan). Häzirki günde BTC 90 000 dollara, BNB 865 dollara durýar. Soňunyň nähili boljakdygyny göreris” – diýip, Çžao belledi.
Käbir adamlar kriptomilliarderiň Kanadada salgyt aýratynlyklaryny göz öňünde tutmandygyny belleýär. 1 mln dollar möçberde bir gezeklik töleg alnan ýagdaýynda, utuşdan ýurtda 50%-e çenli ýetýän ýokarlandyrylan goýum boýunça girdeji salgydy alnyp başlanardy. Sanly aktiwler 1000 dollara çalşylsa, Brenda döwlete 500 dollar bermeli bolardy. Her hepdede 1000 dollar alnanda bolsa, ondan, takmynan, 10% tutular.