Ruandadan ýaş gorilla 2025-nji ýylyň iň gülkünç suratynyň gahrymany boldy

  • 15.12.2025 16:13
  • 9.8k+

Londonyň OXO galereýasynda ýabany tebigatyň gülkünç suratlaryna bagyşlanan Nikon Comedy Wildlife Awards 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Şu ýyl bäsleşige 108 ýurtdan 10 000 töweregi iş gelip gowuşdy we olardan emin agzalary 45 finalçyny saýlady.

«Süýdemdirijiler» kategoriýasynda baş baýragy we birinji orny britaniýaly fotosuratçy Mark Met-Konuň «Kak bäşi» atly suraty aldy. Suratda Ruandadaky Wirunga milli seýilgähinden ýaş gorilla keýpiçag ýöräp barýar we ol üýtgeşik çeýeligi görkezýär.
Fotosuratçynyň aýtmagyna görä, ol Wirunga daglarynda Amahoro gorillalarynyň maşgalasyny surata düşürdi.

«Biz gorillalaryň maşgalasynyň gözleginde dumanly daglara syýahat etmek bilen ýatdan çykmajak dört güni geçirdik. Bir gün biz tokaý meýdanynda ýygnanan uly maşgala toparyna gabat geldik. Uly gorillalar arkaýyn iýmit gözläp ýördi, çagajyklar bolsa oýnaýardy. Bir ýaş erkek gorilla has aýratyn tapawutlandy: aýlandy, togalandy we aýagyny ýokaryk galdyrdy. Onuň akrobatikasyna syn etmek gyzykly boldy we men onuň oýunçy ruhuny surata düşürip bilendigime begenýärin» - diýip, Kon aýtdy.

Şeýle-de, guramaçylar aýry-aýry kategoriýalarda laureatlary yglan etdi. Bäsleşik şadyýan suratlar arkaly ýabany tebigata ünsi çekmek bilen, gülkini möhüm ekologiýa missiýasy bilen utgaşdyrýar.

«Balyklar we beýleki suwasty jandarlar» kategoriýasynda ýeňiji. «Ýyrş-ýyrş», Jenni Stok (Beýik Britaniýa)

«Amfibiýalar, süýrenijiler we mör-möjekler» we «Ýaş fotosuratçy» (16 ýaşa çenli) kategoriýalarynda ýeňiji. «Zorluk bilen çokundyrma», Greýson Bell (ABŞ).

«Ýaş fotosuratçy» (25 ýaşa çenli) kategoriýasynda ýeňiji. «Tans meýdançasyna çykyş – tilkiler breýk-tansda bäsleşýär», Pola Rustemaýer (Germaniýa)

Eminleriň ýokary bahasy. «Höwürtgäm haýsy tarapda?», Elison Tak (Beýik Britaniýa)

Eminleriň ýokary bahasy. «Gidiň!», Annet Kirbi (Awstraliýa)

Eminleriň ýokary bahasy. «Aaaaaawa – eje», Mark Met-Kon (Beýik Britaniýa)

Eminleriň ýokary bahasy. «Hor», Melin Elwanger (ABŞ).


28.05.2026 17:17
5.2k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....

20.05.2026 21:41
3.9k+

Niagaranyň buzdan bina bolan gudraty: Niagara Frozen Falls 2026 surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

2026-njy ýylda Niagara seýilgähleri ​​dünýäniň iň meşhur şaglawuklarynyň biriniň gyşky gözelliginden pursatlary suratlarda beýan etmegi maksat edinýän giň möçberli surat bäsleşigi bolan Niagara Frozen Falls......

07.05.2026 22:55
3.6k+

"Akmaýanyň Ýolunyň suratçysy - 2026" astronomiýa suratçylygy bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Capture the Atlas syýahatçylyk blogy gijeki asmanyň suratlaryny öz içine alýan, ýylda geçirilýän "Akmaýanyň Ýolunyň suratçysy - 2026" (Milky Way Photographer of the Year 2026) bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan......

04.05.2026 23:52
2.5k+

«GDT 2026-njy ýylyň tebigat fotografy» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

«GDT 2026-njy ýylyň tebigat fotografy» bäsleşiginiň eminleri ýeňijileri kesgitlediler. Bu bäsleşige 15 ýurtdan gelen suratçylaryň 9 müňe golaý işi gatnaşdy....