«GDT 2026-njy ýylyň tebigat fotografy» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 04.05.2026 23:52
  • 2.6k+

«GDT 2026-njy ýylyň tebigat fotografy» bäsleşiginiň eminleri ýeňijileri kesgitlediler. Bu bäsleşige 15 ýurtdan gelen suratçylaryň 9 müňe golaý işi gatnaşdy.

Bäsleşigiň baş baýragyna we «Haýwanlar» kategoriýasyndaky ýeňşe 20 ýaşly fotograf Luka Lorensiň düşüren alp towşanynyň suraty mynasyp boldy. Surat kameranyň bilgeşleýin hereket etdirilmegi we uzak wagtlap saklanylmagy arkaly düşürilipdir. Netijede, towşan tebigat bilen birleşip, onda edil eräp gidýän ýaly täsin görnüş emele gelipdir.

Bäsleşigiň absolýut ýeňijisiniň suraty: «Ak üste ak» / © Luca Lorenz

Alp towşanlary dag şertlerine uýgunlaşan bolup, pasyllara görä reňklerini çalşyp, tomusda goňur, gyşda bolsa ak reňke girýärler. Emma klimatyň üýtgemegi bu tebigy hadysany bökdeýär. Garyň adaty wagtyndan giç ýagmagy ýa-da ir eremegi sebäpli, towşanlaryň reňki töwerekdäki gurşaw bilen gabat gelmeýär. Bu bolsa, gynansak-da, olaryň ýyrtyjylaryň eline aňsatlyk bilen düşmegine sebäp bolýar.

Kategoriýalar boýunça ýeňijiler we finalistler:

«Beýleki haýwanlar» kategoriýasynyň ýeňijisi: «Türgenleşik» / © Jens Cullmann

«Guşlar» kategoriýasynyň ýeňijisi: «Köl çarlagy» / © Radomir Jakubowald

«Haýwanlar» kategoriýasynyň finalisti: «Piller» / © Preeti John

«Ösümlikler we kömelekler» kategoriýasynyň ýeňijisi: «Ýaşyl çyzyklar» / © Tobias Richter

«Pleýzažlar» kategoriýasynyň ýeňijisi: «Doňan tokaý» / © Eike Christian Wolff

«Tebigat studiýasy» kategoriýasynyň ýeňijisi: «Ýagtylygyň bölekleri» / © Beate Oswald

«Tebigat studiýasy» kategoriýasynyň finalisti: «Lawa aždarhasy» / © Jeroen Van Nieuwenhove

Eminleriň ýörite baýragy: «Ömür çyzyklary» / © Roy Müller

«Haýwanlar» kategoriýasynyň finalisti: «Piliň fonunda» / © Jan Piecha


20.06.2026 20:25
9.9k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

19.06.2026 19:36
5.6k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....