Berlinale-2026-nyň esasy bäsleşiginiň emin agzalarynyň başlygy kesgitlendi

  • 15.12.2025 09:15
  • 657

Nemes režissýory Wim Wenders (“Berliniň asmany”, “Pariž, Tehas”) 76-njy Berlin halkara kinofestiwalynyň esasy bäsleşiginiň emin agzalarynyň başlygy hökmünde bellendi. Kinofestiwal 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyndan 22-nji fewraly aralygynda geçiriler.

“Wim Wenders – dünýä kinematografynda iň görnükli adamlaryň biri. Ol alty onýyllygyň dowamynda bizi ynsanperwerligi we täsinlik duýgusy bilen tolgundyran we haýran galdyran filmleri düşürdi. Onuň tükeniksiz bilesigelijiligi we kino diline çuňňur ussatlygy, onuň beýleki hudožnikleriň zehinlerini öwrenýändigine ýa-da durmuşdaky many gözleglerimizi we gatnaşyklarymyzy şöhlelendirýändigine garamazdan, her bir işinde görünýär” – diýlip, Berlinaleniň ýolbaşçylygynyň beýanynda aýdylýar.

Režissýor ençeme gezek öz işlerini festiwalyň programmasynda hödürledi, 2015-nji ýylda bolsa Berlinaleniň “Altyn aýy” hormat baýragyna mynasyp boldy.
Geljekki festiwalyň programmasy indiki ýylyň başynda yglan ediler. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....