Geň soňlama: Hytaýda daşdan düwnüp heläk bolan gadymy guş tapyldy

  • 14.12.2025 23:36
  • 5.8k+

Paleontologlar Hytaýyň Týanýu Tebigy Taryh Muzeýiniň zat saklanýan ýerlerinde adaty bolmadyk açyş etdiler. Geçirilen barlagda öň mälim bolmadyk guş görnüşiniň köp sanly ýuwdulan daşlardan düwnüp ölendigini görkezýän galyndy tapyldy. Tapyndynyň takmynan 120 million ýyl ýaşy bar.

Açyşy gadymy guşlaryň beden yzyny saklan galyndylaryny öwrenýän alymlar ýüze çykardylar. Olaryň ünsüni irki Hek döwrüniň mahsus guşy bolan longipterikslere meňzeş, serçäniňki bilen deň kiçijik, dişli jandar çekdi. Alymlar onuň aşgazanynda daşlaryň bardygyny güman edip, kompýuter tomografiýasy (KT) barlagyny geçirdiler. Suratlar sekiz ýüzden gowrak ownuk gurluşyň aşgazanda däl-de, eýsem, guşuň bokurdagynda ýerleşendigini ýüze çykardy.
Jandara Chromeornis funkyi diýip at berildi.

"Biz bu guşuň bokurdagyndan sekiz ýüzden gowrak ownuk daş tapdyk, bu bolsa daş ýuwudýan guşlaryň ikinji aşgazanynda adaty bolşy ýaly bar bolan mukdardan ep-esli köpdür. Mundan başga-da, bu gurluşlaryň dykyzlygyna seretseň, olaryň ep-esli bölegi hakyky daş däl-de, palçyk ýa-da beýleki ýumşak materiallaryň bölekleridi. Bularyň hemmesi guşuň iýmitini gowy üwemek üçin bu daşlary ýuwutmandygyndan habar berýär" diýip, Çikagonyň Fildow muzeýiniň kuratory Jingmaý O'Konnor gürrüň berdi.

Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, guş olary bir ýokanç kesel ýokuşandan soň ýuwdupdyr.

"Guşlar kesellänlerinde, köplenç, geň hereketleri edip başlaýarlar. Şonuň üçin biz bu Chromeornis funkyi jandarynyň haýsydyr bir infeksiýa ýokaşandan soň köp sanly ownuk daşlary ýuwdandyr diýip çaklaýarys. Belli bir wagtda guş olardan dynjak bolanda, bu daşlar dykylypdyr, netijede daş massasy onuň bokurdagyny petikläp, hromeornis bogulyp ölüpdir" - diýip, O'Konnor düşündirdi.

Onuň sözlerine görä, paleontologlaryň gadymy guşlaryň we dinozawrlaryň heläk bolmagynyň şeýle sebäbine ilkinji gezek duş gelmegi, bu Mezozoý döwrüniň haýwanlarynyň özüni alyp barşy baradaky bilimlerimizi ep-esli derejede giňeldýär.


düýn 19:32
1.5k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....