Citroën ýatylýan ýerli we kinoteatrly ELO konseptual ykjam wenini görkezdi

  • 15.12.2025 07:31
  • 2.3k+

Citroën ELO atly konseptual kompaktwenini tanyşdyrdy. Awtoulagyň esasy aýratynlygy – işlemek we dynç almak üçin ulanyp bolýan, ýatylýan ýere ýa-da kinoteatra öwrülip bilýän transformirlenýän salonydyr.

Täze modeliň uzynlygy 4,1 metr bolup, bu öňki Citroën C3 Picasso bilen deňeşdirilýär, ýöne ELO-ny uly, 21 dýuýmlyk tekerler tapawutlandyrýar.
Konsept uly aýnalanan meýdany, giňden sürlüp açylýan gapdal gapylary we yşyklandyrylan daşky emblemalary bolan, ýokary derejede geň galdyryjy, kapotsyz dizaýna eýedir.
Salonda alty adama çenli oturyp biler. Sürüjiniň oturgyjy merkezde ýerleşýär we 180 gradus aýlanmaga ukyplydyr. Gurlan kompressoryň kömegi bilen, çişirilýän düşekli yzky diwany ýatylýan ýere öwrüp bolar. Şeýle hem, ýolagçylar arka tarapda ýerleşýän aýlanyp açylýan ekranda filmlere tomaşa edip bilerler. Gurallar paneliniň ýerine bolsa aýna tarap çykarylan dury displeý oturdyldy.
Konsept-wen doly elektrikli. "Goodyear" kompaniýasy onuň üçin üstüň ähli görnüşi üçin amatly, ykjam programma arkaly könelmäge we ýagdaýyna gözegçilik etmek ukyby bolan "akylly" tekerleri işläp düzdi. Mundan başga-da, könelme görkezijileri göni disklere gurlan.
ELO gysgaltmasy iňlis dilindäki "rest, play, work" ("dynç, oýun, iş") sözleriniň ikinji harplaryndan düzülendir. ELO-nyň köpçülik üçin görkezilişi 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Brýusseldäki awtosalonda bolar.

düýn 19:45
869

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

düýn 09:17
1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.3k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....