IMDb ýylyň jemini jemledi we iň meşhur filmleri hem seriallary saýlady

  • 15.12.2025 07:50
  • 2.5k+

IMDb platformasy 2025-nji ýylyň iň meşhur filmleriniň, seriallarynyň we artistleriniň sanawyny hödürledi. Reýtingler ulanyjylaryň soňky aýlarda köp gözlän we gürrüňini eden taslamalaryny görkezýär.

Doly metražly filmleriň arasynda birinji orny baş keşpde Dewid Korenswet bilen Jeýms Gannyň «Supermen» filmi eýeledi. Film barada tomusda işjeň pikir alyşyldy, sentýabrda bolsa onuň dowamynyň çykjakdygy tassyklandy.
Ikinji orny «Ýaraglar» (Орудия) horror filmi eýeledi. IMDb filmi «pop medeniýetiniň janly nusgasy» diýip atlandyrdy. Üçünji orunda Raýan Kugleriň «Günäliler» (Грешники) filmi ýerleşdi. Film Critics Choice Awards-da iň köp nominasiýa alan boldy.
Şeýle-de, onluga Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki», «Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş», «Frankenşteýn», «Bagty çüwen Gilmor-2», «Gök gürrüldedijiler», «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk» we «Formula-1» girdi.
Seriallaryň arasynda «Ak lotos» (Белый лотос) öňdebaryjy boldy. Ikinji orny «Bizden biri» (Одни из нас) eýeledi. Baş keşbi ýerine ýetiriji Izabela Mersed ýylyň iň meşhur şahsyýetleriniň sanawynda birinji boldy. Ol Eými Lu Wuddan, Mettýu Guddan, Tom Kruzdan we Sidni Suiniden öňe geçdi.
Seriallaryň üçlügini «garaşylmadyk öwrümlerden doly we Lýumonyň köp sanly syrlaryny çuňlaşdyrýan» «Bölünişik» (Разделение) serialynyň ikinji möwsümi jemledi.
Şeýle-de, ilkinji onluga «Uensdeý», «Kalmar oýny», «Dekster: Direliş», «Nägehan», «Ýapylmadyk işleriň bölümi», «Andor» we «Gara aýna» girdi.
IMDb-niň redaksiýasy öz sanawyny-da hödürledi. Filmleriň arasynda «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) tapawutlandyryldy. Şeýle-de, «Uollis adasy barada ballada», «Bagyşla, balam», «Finikiýa shemasy», «Ýaraglar», «Günäliler», «Maýmyn», «Brijit Jons – 4», «Heý, salam!» we «Kompanýon» bellendi.
Mundan başga-da, 17 film agzalyp geçildi we olaryň arasynda «Keý-pop melgun awçylary» multfilmi, Ýoakim Trieriň «Duýgy gymmatlygy», Riçard Linkleýteriň «Mawy Aý» we Hloýa Çžaonyň «Hamnet» filmleri bar.
Seriallaryň arasynda redaksiýa «Ýetginjeklik döwri», «Köplerden biri», «Andor», «Jennet» we beýleki seriallary aýratynlandyrdy. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....