400 müň ýyllyk oduň yzy tapyldy: neandertallar Homo sapiens-den has öň ot ýakypdyr

  • 15.12.2025 15:06
  • 4.8k+

Arheologlar Suffolk graflygyndaky arheologik ýadygärligiň çäginde adamlaryň 400 müň ýyl mundan ozal – öňki hasap edilenden tas 350 müň ýyl ir ot ýakmagy öwrenendigine subutnama tapdy. Ylmy gözleg Nature žurnalynda neşir edildi.

Mundan öň iň gadymy subutnama Fransiýadaky ýaşy 50 müň ýyl töweregi bolan tapyndy hasaplanýardy. Tebigy ot million ýyldan gowrak ozal ulanylan bolsa-da, täze tapyndylar şol döwrüň adamlarynyň ody maksatly döredip bilendigini görkezýär.
Barnhem obasyndaky gazuw-agtaryş işlerinde arheologlar toýunyň ýakylan ýerini we ýokary temperaturanyň alamatlary bolan daş gurallaryny tapdy. Geohimiki seljerme şol bir ýerde ençeme gezek ot ýakylandygy sebäpli topragyň 700 gradusdan ýokary gyzandygyny görkezdi.
Alymlaryň pikiriçe, ody irki neandertallar ýakan bolmaly, çünki şol döwür Homo sapiens entek Afrikany terk etmändi. Muny Ýewropanyň beýleki ýerlerinde meňzeş ýaşdaky neandertallaryň DNK-sy bilen tapylan galyndylar tassyklaýar. Möhüm subutnama çakmak daşyna urlanda uçgun döredýän mineralyň – piritiň iki bölegi boldy. Ýöne ol bu ýerlerde duşmaýar, bu bolsa onuň onlarça kilometr uzaklykdaky kenardan ýörite getirilendigini aňladýar.
Ylmy gözlegçileriň pikiriçe, ody döredip bilmek adam ewolýusiýasyna güýçli täsir eden bolmaly. Ol ýylylygy, goragy, tagam taýýarlamak mümkinçiligini üpjün edip, ähtimal, sosial aragatnaşyga we sözleýşiň ösüşine-de ýardam edendir.


13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6.1k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....