Johnson & Johnson saglyk üçin howply çaga prisypkasy sebäpli $40 mln tölemäge borçlandy

  • 15.12.2025 14:50
  • 6.5k+

Los-Anjelesiň Ýokary kazyýeti Johnson & Johnson kompaniýasyny köp ýyllaryň dowamynda talk saklaýan çaga prisypkasyny ulanmagyň netijesinde ýumurtgalygyň rak keseline sezewar bolandygyny aýdan iki aýala 40 mln dollar tölemäge borçlandyrýan karary çykardy. Bu barada The Guardian gazeti ýazýar.

Kazyýet kompaniýanyň öz prisypkasynyň saglyk üçin howply bolup biljekdiginden habarynyň bardygyny, ýöne sarp edijilere degişli duýduryşy bermändigini kesgitledi. Karara laýyklykda, zyýan çeken Monika Kent 18 mln dollar, Debora Şuls bolsa adamsy bilen 22 mln dollar alar. Birinjisinde «ýumurtgalygyň rak keseli» 2014-nji ýylda, ikinjisinde 2018-nji ýylda ýüze çykaryldy. Aýallaryň ikisi-de 40 ýylyň dowamynda Johnson & Johnson prisypkasyny ulanandygyny aýtdy.
Johnson & Johnson-yň hukuk bölüminiň wise-prezidenti Erik Haas kompaniýanyň «bu karara garşy şikaýat arzasyny berjekdigini we şeýle ýagdaýlarda, adatça, bolýan ýeňşe bil baglaýandygyny» aýtdy.
Zyýan çekenleriň aklawçysy Endi Birçfild ahyrky çekişmelerde kompaniýanyň önümiň rak keselini döredip biljekdigini 1960-njy ýyllardan bäri bilýändigini aýtdy.
Johnson & Johnson-yň goragçysy Ellison Braun munuň bilen ylalaşmaýar. Ol talk bilen onkologiýa keselleriniň arasyndaky bolup biljek baglanyşygyň ABŞ-nyň saglygy goraýyş edaralarynyň hiç biri tarapyndan tassyklanmandygyny belleýär.
Kompaniýa çaga prisypkasynyň we beýleki talk düzümli önümleriň ulanylmagyndan soň rak keseliniň ýüze çykarylandygy barada 67 müňden gowrak adamyň şikaýat arzasy bilen ýüzbe-ýüz boldy. 2020-nji ýylda Johnson & Johnson ABŞ-da talk esasly çaga prisypkasyny satmagyny bes edip, ony mekgejöwen krahmalynyň esasyndaky önüm bilen çalyşdy. 


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......